- 
	                        
            
            4 Musa 21:23, 24Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        23 Emma Sihon ysraýyllara ýurdunyň içinden geçmäge rugsat bermedi. Gaýtam goşunyny ýygnap, ysraýyllar bilen söweşmek üçin çöle çykdy. Ol Ýahaza baryp, ysraýyllara hüjüm etdi+. 24 Ysraýyllar bolsa Sihony gylyçdan geçirip+, ýurduny+ Arnondan+ tä ammonlaryň golaýyndaky Ýaboga+ çenli basyp aldylar. Ýöne Ýazerden+ aňryk geçmediler, sebäbi Ýazer ammonlaryň serhedinde+ ýerleşýärdi. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Ýuşa 12:1, 2Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        12 Ysraýyllar Iordanyň gündogarynda, Arnon jülgesinden+ tä Hermon dagyna+ çenli, gündogardaky Araba çenli aralygy basyp aldylar+. Olar şu hanlaryň ýurduny eýelediler: 2 Heşbonda ýaşan amor hany Sihon+. Ol Arnon jülgesine+ ýanaşyp duran Arogerden+ we jülgäniň ortasyndan başlap, Gileadyň ýarysyna, ammonlaryň serhedindäki Ýabok jülgesine çenli aralykda höküm sürýärdi. 
 
-