-
1 Patyşalar 8:20Mukaddes Kitap
-
-
20 Ýehowa beren sözünde durdy, men kakam Dawudyň mirasdüşeri boldum, Ýehowanyň wada berişi ýaly, Ysraýyl tagtyna geçdim. Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyna öýem gurdum+.
-
-
1 Taryh 17:11—14Mukaddes Kitap
-
-
11 Ömür tanapyň kesilip, aradan çykanyňda, perzendiňi*, ogullaryňdan birini patyşa edip+, hökümdarlygyny berkiderin+. 12 Ol maňa öý gurup+, meni şöhratlandyrar. Onuň tagty sarsmaz+. 13 Men onuň atasy, ol hem meniň oglum bolar+. Men senden öňki patyşany wepaly söýgimden* mahrum edipdim+. Emma seniň ogluňdan wepaly söýgimi aýyrmaryn+. 14 Men ony hemişe öz tagtymda oturdaryn+, hökümdarlygy we tagty baky durar“»+.
-
-
Zebur 132:11Mukaddes Kitap
-
-
11 Ýehowa Dawuda ant içip,
Beren sözünde durar:
«Seniň nesliňden bir adam
Tagtyňda oturar+.
-
-
Matta 22:42Mukaddes Kitap
-
-
42 «Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar: «Dawudyň ogly»+ diýip jogap berdiler.
-