-
1 Patyşalar 10:24—26Mukaddes Kitap
-
-
24 Bütin dünýäniň halklary Hudaýyň Süleýmana beren* akyl-paýhasyny+ diňlemäge barmak isleýärdi*. 25 Süleýmanyň ýanyna gelen adamlar sowgat-serpaý edip, altyn-kümüşden ýasalan zatlary, egin-eşikleri, söweş ýaraglaryny, melhem ýagyny, atlary we gatyrlary getirerdi, her ýyl şeýle bolardy.
26 Süleýman söweş arabalaryny we atlaryny* has-da köpeldýärdi. Süleýmanyň 1 400 söweş arabasy, 12 000 aty* bardy+. Olary söweş arabalary üçin guran şäherlerinde we Iýerusalimde özüne golaý ýerde saklardy+.
-
-
2 Taryh 1:17Mukaddes Kitap
-
-
17 Müsürden getirilen bir söweş araba 600 kümüş teňňe, bir at bolsa 150 kümüş teňňedi. Süleýmanyň täjirleri atlary we arabalary hetleriň patyşalaryna-da, Siriýanyň patyşalaryna-da satardylar.
-