-
1 Patyşalar 15:18Mukaddes Kitap
-
-
18 Şonda Asa Ýehowanyň öýündäki we köşkdäki hazynalarda galan altyn-kümüşleri alyp, hyzmatkärlerine berdi-de, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasyna+, Tabrymonyň ogly, Hezýonyň agtygy Benhadata iberdi. Asa Benhadata:
-
-
2 Patyşalar 18:14, 15Mukaddes Kitap
-
-
14 Şonda Ýahuda patyşasy Hizkiýa Lakyş şäherine, Assiriýa patyşasyna habar ýollap: «Günä mende. Näme sorasaň bereýin, yza çekiläý» diýdi. Assiriýa patyşasy Ýahuda patyşasyna 300 batman* kümüş we 30 batman altyn salgyt saldy. 15 Hizkiýa Ýehowanyň öýündäki we köşgüň hazynalaryndaky ähli kümüşleri berdi+.
-
-
2 Patyşalar 24:12, 13Mukaddes Kitap
-
-
12 Şonda Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, han-begleri, köşk emeldarlary+ bilen Wawilon patyşasyna boýun egdi+. Wawilon patyşasy hökümdarlygynyň sekizinji ýylynda, Ýehoýakyny ýesir aldy+. 13 Wawilon patyşasy Ýehowanyň öýüniň we köşgüň ähli hazynalaryny talady+, Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Ýehowanyň ybadathanasy üçin altyndan ýasadan gap-gaçlaryny+ döwdi. Ähli zat Ýehowanyň aýdyşy ýaly boldy.
-