-
Ýermeýa 52:6—11Mukaddes Kitap
-
-
6 Dördünji aýyň dokuzydy+, şäherde güýçli açlyk höküm sürýärdi, halkyň iýere zady ýokdy+. 7 Ahyry şäheriň diwaryny ýykyp ýumurdylar. Şol gije haldeýler şäheri gabap otyrkalar, esgerler şa bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň aralygy bilen derwezeden çykyp, Araba tarap gaçyp gitdiler+. 8 Emma haldeýler Sadykýar patyşanyň yzyndan kowdular we Ýerihon düzlüginde ele saldylar+. Şonda nökerleri patyşany taşlap, çar tarapa gaçyp gitdiler. 9 Haldeýler Sadykýary tutup, Hamat ýurdunyň Ribla şäherindäki Wawilon patyşasynyň ýanyna äkitdiler. Ol Sadykýaryň üstünden höküm çykardy. 10 Riblada Wawilon patyşasy Sadykýaryň gözüniň alnynda ogullaryny öldürdi. Soňra Ýahudanyň ähli han-beglerini hem öldürdi. 11 Nawuhodonosor Sadykýaryň gözlerini oýup+, el-aýagyny mis gandal bilen baglady we Wawilona alyp gitdi. Ol ömrüniň ahyryna çenli zyndanda oturdy.
-