-
5 Musa 28:53—57Mukaddes Kitap
-
-
53 Şäheriňiz gabawda wagty duşmanlaryň zorluk-süteminden ýaňa öz çagalaryňyzy, Ýehowa Hudaýyňyzyň beren ogul-gyzlaryny iýmeli bolarsyňyz+.
54 Hatda ýuka ýürekli we mähirli* adam hem doganyna, söýgüli aýalyna, diri galan çagalaryna rehim etmez. 55 Olara iýip oturan çagasynyň etinden ýekeje bölegem bermez, sebäbi şäheriňiz gabawda wagty duşmanlaryň zorluk-süteminden ýaňa iýere zat tapmaz+. 56 Ýuka ýürek, näzik aýal, näzikliginden ýaňa elini sowuk suwa urmaýan* aýal+ hem söýgüli ärine, ogul-gyzyna rehim etmez. 57 Şäheriňiz gabawda wagty duşmanlaryň zorluk-süteminden ýaňa aýal öz dogran çagalaryny, hatda ýatgysyndan çykan çagasynyň ýoldaşyny-da* gizläp iýer.
-
-
2 Patyşalar 25:3—7Mukaddes Kitap
-
-
3 Dördünji aýyň dokuzydy, şäherde güýçli açlyk höküm sürýärdi+, halkyň iýere zady ýokdy+. 4 Şäheriň diwaryny ýumrupdylar+. Şol gije haldeýler şäheri gabap otyrkalar, esgerler şa bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň aralygy bilen derwezeden çykyp gaçdylar. Sadykýar bolsa Araba tarap gaçyp gitdi+. 5 Emma haldeýler ony kowalap, Ýerihon düzlüginde ele saldylar. Şonda nökerleri patyşany taşlap, çar tarapa gaçyp gitdiler. 6 Haldeýler Sadykýary tutup+, Ribla şäherine, Wawilon patyşasynyň ýanyna äkitdiler. Sadykýara höküm çykaryp, 7 gözüniň alnynda ogullaryny öldürdiler. Soňra Nawuhodonosor Sadykýaryň gözlerini oýup, el-aýagyny mis gandal bilen baglap, Wawilona alyp gitdi+.
-
-
Işaýa 3:1Mukaddes Kitap
-
-
3 Indi hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa,
Iýerusalimiň we Ýahudanyň ähli daýanjyny ýok eder.
Olary azykdan, çörekden we suwdan keser+.
-