-
2 Taryh 7:12—14Mukaddes Kitap
-
-
12 Gije Ýehowa Süleýmanyň düýşüne girip+, şeýle diýdi: «Seniň dogaňy eşitdim, guran öýüňde maňa gurban berler+. 13 Ýagmyr ýagmaz ýaly gökleri baglanymda, ekinleri ýalmap-ýuwudar ýaly çekirtge ýagdyranymda ýa-da halkymy mergi keseline duçar edenimde, 14 adymy göterýän halkym+ toba edip*+, maňa doga etse, meni agtaryp, erbet ýolundan dänse+, gökden olary eşidip, günäsini geçerin, topragy ýene-de hasylly ederin+.
-