12 Ömür tanapyň kesilip+, aradan çykanyňda, perzendiňi*, biliňden önen ogluňy patyşa edip, hökümdarlygyny berkiderin+. 13 Ol maňa öý gurup, adymy şöhratlandyrar+. Onuň tagty sarsmaz+.
4 Emma Dawudyň hatyrasyna+ Ýehowa Abyýamyň ýerine ogluny patyşa belläp, neslini Iýerusalimde şa tagtynda oturtdy*+, Iýerusalimiň hem weýran edilmegine ýol bermedi.
7 Emma Ýehowa Dawut bilen baglaşan ähtiniň+ hatyrasyna, Dawudyň maşgalasyny ýok etmek islemedi, sebäbi ol Dawudyň neslini hiç wagt tagtdan düşürmejekdigini* wada beripdi+.