- 
	                        
            
            2 Musa 16:29Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        29 Ýehowanyň size Sabat gününi berendigini unutmaň+. Ine, şonuň üçin ol altynjy gün iki günlük çörek berýär. Ýedinji gün her kim öýünde otursyn, hiç ýere çykmasyn» diýdi. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            2 Musa 20:8—11Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        8 Sabat gününi hemişe mukaddes hasaplaň+. 9 Ähli işiňizi alty günde ediň+. 10 Ýedinji gün Ýehowa Hudaýyňyza bagyşlanan Sabat günüdir. Şol gün hiç hili iş etmäň, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, mal-garalaryňyz, araňyzda ýaşaýan gelmişekler hem işlemeli däldir+. 11 Ýehowa ýeri-gögi, deňzi we olardaky zatlary alty günde ýaradyp, ýedinji gün dynç alyp başlady+. Şonuň üçin Ýehowa Sabat gününi saýlap, mukaddes etdi. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            5 Musa 5:12—14Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        12 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryşy ýaly, Sabat gününi hemişe mukaddes hasaplaň+. 13 Ähli işiňizi alty günde ediň+. 14 Ýedinji gün Ýehowa Hudaýyňyza bagyşlanan Sabat günüdir+. Şol gün hiç hili iş etmäň, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, öküzleriňiz, eşekleriňiz, mal-garaňyz, şäheriňizde ýaşaýan gelmişekler+ hem işlemeli däldir+. Gul-gyrnaklaryňyz siz bilen deň dynç alsyn+. 
 
-