Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 5 Musa 6:10—12
    Mukaddes Kitap
    • 10 Ýehowa Hudaýyňyz sizi ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren* ýurduna elter+. Öz eliňiz bilen gurmasaňyz-da, uly, owadan şäherlerde ýaşarsyňyz+, 11 özüňiz gazanmasaňyz-da, öýüňiz zatdan doly bolar, gazmadyk guýularyňyzdan suw içersiňiz, ekmedik üzümleriňizi, zeýtunlaryňyzy hezil edip iýersiňiz+. 12 Şonda seresap boluň, sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Ýehowany unudaýmaň+.

  • Eýýup 31:24
    Mukaddes Kitap
    • 24 Altyna bil baglan bolsam,

      Sap altyna: „Daýanjym sensiň!“ diýen bolsam+,

  • Eýýup 31:28
    Mukaddes Kitap
    • 28 Şonda agyr günä etdigim bolardy,

      Hak Hudaýdan ýüz öwürdigim bolardy.

  • Nakyllar 11:4
    Mukaddes Kitap
    •  4 Gazap gününde baýlygyň peýdasy bolmaz+,

      Dogruçyllyk ölüm penjesinden halas eder+.

  • Nakyllar 11:28
    Mukaddes Kitap
    • 28 Baýlygyna daýanýan ýykylar+,

      Dogruçyl adam al⁠-⁠ýaşyl öwüsýän bag ýaly bolar+.

  • Nakyllar 23:4, 5
    Mukaddes Kitap
    •  4 Baýajak bolup janyňy gynama+, saklan, düşünjeli bol*.

       5 Gözüňi baýlyga dikersiň welin, ol gaýyp bolar+,

      Bürgüt deý ganat ýaýyp, asmana uçup gider+.

  • Matta 6:19
    Mukaddes Kitap
    • 19 Ýer ýüzünde baýlyk* ýygnamaň+, sebäbi olary güýe we pos iýýär, ogrular ogurlaýar.

  • Matta 6:24
    Mukaddes Kitap
    • 24 Hiç kim iki hojaýynyň hyzmatkäri bolup bilmez. Sebäbi birini ýigrenip, beýlekisini gowy görer+, birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezçilik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz+.

  • Markus 8:36
    Mukaddes Kitap
    • 36 Adam dünýäniň bar mal⁠-⁠mülküni edinse⁠-⁠de, janyny* ýitirse näme peýdasy bar?+

  • Luka 12:15
    Mukaddes Kitap
    • 15 Soňra Isa märekä: «Hüşgär boluň, açgözlügiň her hili görnüşinden seresap boluň+. Adamyň baýlygy ömrüni uzaltmaýar»+ diýdi.

  • 1 Timoteos 6:17
    Mukaddes Kitap
    • 17 Şu dünýädäki* baýlara tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ýalan baýlyga+ däl-de, Hudaýa bil baglasynlar. Sebäbi Hudaý ýaşaýyş üçin ähli zady jomartlyk bilen berýär+.

  • 1 Ýahýa 2:16
    Mukaddes Kitap
    • 16 Sebäbi dünýädäki zatlar: ten höwesi+, göz höwesi+ we zadyňa öwünmeklik Atadan däl⁠-⁠de, dünýädendir.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş