-
4 Musa 21:21—24Mukaddes Kitap
-
-
21 Ysraýyllar amor halkynyň hany Sihona habar ýollap+: 22 «Ýurduňdan geçmäge rugsat ber. Ekinleriňe, üzümleriňe degmeris, guýularyňdan suw hem içmeris. Ýurtdan çykýançak, göni Şa ýolundan ýöräris»+ diýdiler. 23 Emma Sihon ysraýyllara ýurdunyň içinden geçmäge rugsat bermedi. Gaýtam goşunyny ýygnap, ysraýyllar bilen söweşmek üçin çöle çykdy. Ol Ýahaza baryp, ysraýyllara hüjüm etdi+. 24 Ysraýyllar bolsa Sihony gylyçdan geçirip+, ýurduny+ Arnondan+ tä ammonlaryň golaýyndaky Ýaboga+ çenli basyp aldylar. Ýöne Ýazerden+ aňryk geçmediler, sebäbi Ýazer ammonlaryň serhedinde+ ýerleşýärdi.
-