- 
	                        
            
            1 Şamuwel 2:22—25Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        22 Aly garrapdy, ol ogullarynyň ysraýyl halkyna edýän ýamanlygyny+, ýygnak çadyrynyň* agzynda hyzmat edýän aýallar bilen ýatyp turýandygyny eşidipdi+. 23 Aly ogullaryna: «Edip ýören işiňiz näme? Il-gün siz hakda erbet zatlary aýdýar. 24 Ogullarym, Ýehowanyň halkynyň arasynda siz barada edilýän gürrüňler-ä gowy däl. 25 Adam birine garşy günä etse, başga biri onuň üçin Ýehowa ýalbaryp biler*. Ýöne adam Ýehowa garşy günä etse+, onuň üçin kim doga etsin?» diýerdi. Olar bolsa kakasyna gulak asmaýardy. Şol sebäpli Ýehowa olary ölüme höküm etdi+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            2 Taryh 36:15, 16Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        15 Ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa pygamberlerini iberip, olara gaýta-gaýta duýduryş berdi. Sebäbi Hudaýyň öz halkyna we mukaddes mekanyna ýüregi awaýardy. 16 Olar bolsa hak Hudaýyň wekilleriniň üstünden güldüler+, sözlerini äsgermezlik edip+, pygamberlerini masgaraladylar+. Olar ýetjek derejesine ýetensoň*, Ýehowanyň halkyna gahar-gazaby lowlady+. 
 
-