-
1 Patyşalar 21:8—11Mukaddes Kitap
-
-
8 Soňra ol Ahabyň adyndan hat ýazyp, patyşanyň möhürini+ basdy-da, Nabotyň ýaşaýan şäherindäki ýaşululara+ we beglere ugratdy. 9 Ýazan hatynda şeýle sözler bardy: «Agyz beklemegi yglan ediň-de, Naboty halkyň öňünde oturdyň. 10 Garşysynda iki sany ýaramaz adamy oturdyň. Goý, olar: „Sen Hudaýa-da, patyşa-da dil ýetirdiň!“+ diýip, oňa töhmet atsynlar*+. Soňra Naboty şäherden çykaryň-da, daşlap öldüriň»+.
11 Nabotyň şäherindäki ýaşulular we begler Izabeliň iberen hatynda aýdyşy ýaly-da etdiler.
-