-
2 Patyşalar 25:8—10Mukaddes Kitap
-
-
8 Bäşinji aýyň ýedisine, Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň hökümdarlygynyň 19-njy ýylynda, Wawilon patyşasynyň geňeşçisi*, garawullaryň baştutany Nawuzardan+ Iýerusalime geldi+. 9 Ol Ýehowanyň öýüni+, köşgi+, Iýerusalimdäki jaýlaryň baryny+, at-abraýly adamlaryň öýlerini+ otlady. 10 Garawullaryň baştutany we haldeý goşuny Iýerusalimiň diwarlaryny ýumurdylar+.
-
-
2 Taryh 34:24, 25Mukaddes Kitap
-
-
24 — Ýehowa yglan edýär — men ýurda we ilatynyň başyna betbagtçylyk getirerin+. Ýahuda patyşasynyň huzurynda okalan kitapdaky gargyşlaryň ählisi başyňyzdan iner+. 25 Olar menden ýüz öwrüp+, başga taňrylar üçin gurbanlyk ýakdylar, eden işleri bilen göwnüme degdiler+. Şonuň üçin ýurda gahar-gazabymy indererin, hiç wagt köşeşmerin“+.
-
-
2 Taryh 36:16, 17Mukaddes Kitap
-
-
16 Olar bolsa hak Hudaýyň wekilleriniň üstünden güldüler+, sözlerini äsgermezlik edip+, pygamberlerini masgaraladylar+. Olar ýetjek derejesine ýetensoň*, Ýehowanyň halkyna gahar-gazaby lowlady+.
17 Hudaý haldeýleriň patyşasyny olara garşy aýaga galdyrdy+. Haldeý patyşasy mukaddes otagda+ olaryň ýigitlerini gylyçdan geçirdi+. Oglana-gyza, garra ýa ejize rehim etmedi+. Hudaý ähli zady onuň eline berdi+.
-