26 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Selläňi aýyr, başyňdan täjiňi çykar+. Indi öňküsi ýaly bolmaz+. Pesler beýgeldiler+, beýikler peseldiler+. 27 Men heläkçilik, heläkçilik we heläkçilik indererin. Täç hak eýesi gelýänçä+ hiç kime berilmez. Men täji eýesine bererin“+.
17 Muny garawullar+ yglan etdi, buýrugy mukaddes perişdeler jar etdi. Ähli adamlar şuny bilsin: ynsan patyşalyklarynyň üstünden Allatagala höküm sürýär+, patyşalygy islän adamyna berýär, garyby* baş edip goýýar“.