-
5 Musa 28:63, 64Mukaddes Kitap
-
-
63 Ýehowa sizi köpeldip, gowy ýaşadanda nähili begenen bolsa, Ýehowa sizi bütinleý ýok edende hem şeýle begener. Miras aljak ýurduňyzdan köküňiz bilen sogrup taşlar.
64 Ýehowa sizi halklaryň arasyna, ýeriň bir ujundan beýleki ujuna dargadar+. Şol ýerde agaçdan, daşdan ýasalan, siziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan taňrylaryna sežde etmeli bolarsyňyz+.
-
-
Ýuşa 23:15, 16Mukaddes Kitap
-
-
15 Ýehowa Hudaýyňyz gowy wadalaryny ýerine ýetirýän bolsa+, onda Ýehowa size duýduran ähli betbagtçylyklaryny hem başyňyzdan inderer. Ýehowa Hudaýyňyz sizi beren gowy ýurdundan bütinleý ýok edibem biler+. 16 Eger siz Ýehowa Hudaýyňyz bilen baglaşan ähtiňizi bozup, başga taňrylara sežde etseňiz, tagzym etseňiz, Ýehowanyň gahary gelip+, mülk edip beren gowy ýurdundan sizi dessine ýok eder»+.
-
-
1 Patyşalar 9:6, 7Mukaddes Kitap
-
-
6 Emma siz ogullaryňyz bilen ýolumdan ýöremän, tabşyryklarymy, kanunlarymy ýerine ýetirmän, başga taňrylara tagzym edip, sežde edip başlasaňyz+, 7 ysraýyllary mülk edip beren ýurdumdan ýok ederin+, adym üçin mukaddes eden öýümi gözümiň alnyndan aýraryn+. Şonda Ysraýyl başga halklaryň gepine galyp*, ile gülki bolar+.
-