Üçünji Musa
20 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Halka şu sözlerimi ýetir: „Ysraýyllaryň ýa-da Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleriň biri çagasyny Molek taňrysyna bagyş etse*, ol adam hökman öldürilsin+. Halk ony daşlap öldürsin. 3 Çagasyny Molek taňrysyna bagyş edip, mukaddes çadyrymy hapalandygy+ we adyma ysnat getirendigi üçin, ol adamdan ýüz öwrüp, halkyň arasyndan ýok ederin*. 4 Eger halk çagasyny Molek taňrysyna bagyş eden adama göz ýumup, ony öldürmese+, 5 şol adamdan we maşgalasyndan özüm ýüz öwrerin+. Şol adamy-da, oňa goşulyp, Molek taňrysyna sežde* edenleri-de halkyň arasyndan ýok ederin.
6 Kimde-kim jadygöýlere+ we bilgiçlere*+ ýüz tutup, biwepalyk etse, ondan ýüz öwrüp, halkyň arasyndan ýok ederin+.
7 Özüňizi arassa saklap, mukaddes boluň+, sebäbi men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. 8 Kada-kanunlarymy berjaý edip ýaşaň+. Sizi mukaddes edýän Hudaýyňyz Ýehowa mendirin+.
9 Ene-atasyna gargan adam hökman öldürilsin+. Ene-atasyna gargandygy üçin gany öz boýnunadyr.
10 Kimde-kim başga biriniň aýaly bilen zyna* etse, şu kanuna eýeriň: biriniň aýaly bilen zyna eden adam hökman öldürilsin. Zyna eden erkegem, aýalam öldürilmelidir+. 11 Eger biri kakasynyň aýalyna ýanaşsa*, kakasynyň namysyny depeleýändir+. Zynahorlaryň ikisi-de hökman öldürilsin, gany öz boýnunadyr. 12 Gaýynatasy öz gelnine ýanaşsa, ikisi-de hökman öldürilsin, sebäbi olar azgynlyk* etdi. Olaryň gany öz boýnunadyr+.
13 Kimde-kim aýala ýanaşyşy ýaly, erkek adama ýanaşsa, nejislik edýändir+. Olaryň ikisi-de hökman öldürilsin, gany öz boýnunadyr.
14 Eger biri aýalynyň üstüne onuň ejesini hem alsa, azgynlyk* edýändir+. Araňyzda azgynlyk köpelmez ýaly, olaryň üçüsini-de* öldürip ýakyň+.
15 Erkek adam haýwana ýanaşsa, şol adamy-da, haýwany-da hökman öldüriň+. 16 Eger bir aýal haýwana ýanaşsa+, aýaly-da, haýwany-da öldüriň. Olar hökman öldürilsin. Günäkärleriň gany öz boýnunadyr.
17 Kimde-kim süýtdeş, atabir ýa enebir uýasyna ýanaşsa, masgaraçylykdyr+. Olar halkyň gözüniň alnynda öldürilsin. Ol adam öz uýasyny biabraý edýändir. Ol günäsi üçin jogap bermeli bolar.
18 Bir adam aýbaşysy gelýän aýala ýanaşsa, gany mukaddes hasaplamandygy üçin+, olaryň ikisi-de halkyň arasyndan ýok edilsin.
19 Ejeň ýa kakaň aýal doganyna ýanaşmak günädir. Şeýle adam ýakyn garyndaşynyň namysyny depeleýändir+. Olaryň ikisi-de günäsi üçin jogap bermeli bolar. 20 Kakasynyň doganynyň aýalyna ýanaşan adam agasynyň namysyny depeleýändir+. Olaryň ikisi-de günäsi üçin jogap bermeli bolar. Olar çagasyz ölsün. 21 Doganyň aýalyna öýlenmek* nejislikdir+. Şeýle adam doganynyň namysyny depeleýändir. Olar çagasyz ölsün.
22 Ähli kada-kanunlarymy we hökümlerimi+ berjaý edip ýaşaň+. Şonda berjek ýurdumdan kowulmarsyňyz*+. 23 Kowup çykarýan halklarymyň däp-dessurlaryna eýermäň+. Şeýle işleri edendikleri üçin, men olary ýigrendim+. 24 Şol sebäpli: „Olaryň ýurduny siz eýelärsiňiz. Size süýt bilen bal akýan ýurdy mülk edip bererin+. Men sizi başga halklardan saýlap alan Hudaýyňyz Ýehowadyryn“+ diýipdim. 25 Halal we haram haýwanyň, halal we haram guşuň tapawudyny biliň+. Haram diýen haýwanlarymy, guşlarymy we süýrenijilerimi* iýip, özüňizi haram etmäň+. 26 Mukaddes boluň, sebäbi men, Ýehowa mukaddesdirin+. Sizi başga halklardan özüm üçin saýlap aldym+.
27 Erkek bolsun, aýal bolsun, jadygöýlik ýa bilgiçlik* eden adam hökman öldürilsin+. Halk ol adamy daşlap öldürsin, gany öz boýnunadyr“».