Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Zebur 22:27
    Mukaddes Kitap
    • 27 Tutuş zemin Ýehowany ýatlap dolanar,

      Tire⁠-⁠taýpalar tagzym ederler+.

  • Işaýa 2:2, 3
    Mukaddes Kitap
    •  2 Soňky günlerde*,

      Ýehowanyň öýüniň duran dagy,

      Ähli daglardan belentde durar+.

      Ol baýyrlardan hem beýik bolar,

      Ähli halklar oňa tarap eňerler+.

       3 Köp milletler gelip, şeýle diýerler:

      «Geliň, Ýehowanyň dagyna çykalyň,

      Ýakubyň Hudaýynyň öýüne baralyň+.

      Ol bize ýollaryny öwreder,

      Biz onuň ýodalaryndan ýöräris»+.

      Sebäbi kanun Siondan,

      Ýehowanyň sözi Iýerusalimden çykar+.

  • Işaýa 11:10
    Mukaddes Kitap
    • 10 Şol gün Ýessäniň köki+ halklar üçin bellik kimin bolar+,

      Milletler ondan maslahat sorar+.

      Onuň öýi şan-şöhratdan dolar.

  • Işaýa 55:5
    Mukaddes Kitap
    •  5 Sen ýat halky çagyrarsyň,

      Seni tanamaýan halk ýanyňa ylgap geler.

      Olar muny Ýehowa Hudaýyň,

      Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň hatyrasyna ederler+.

      Sebäbi ol seni şöhratlandyrar+.

  • Işaýa 60:3
    Mukaddes Kitap
    •  3 Patyşalar+ şan-şöhratyňy görüp+,

      Halklar nuruňa geler+.

  • Hoşeýa 1:10
    Mukaddes Kitap
    • 10 Ysraýyl ogullary deňiz ýakasyndaky çäge ýaly sansyz⁠-⁠sajaksyz bolar+. Size: „Meniň halkym däl“+ diýipdim, indi size: „Biribaryň ogullary“+ diýerin.

  • Mikaý 4:2
    Mukaddes Kitap
    •  2 Köp milletler gelip, şeýle diýerler:

      «Geliň, Ýehowanyň dagyna çykalyň,

      Ýakubyň Hudaýynyň öýüne baralyň+.

      Ol bize öz ýollaryny öwreder,

      Biz onuň ýodalaryndan ýöräris».

      Sebäbi kanun Siondan,

      Ýehowanyň sözi Iýerusalimden çykar.

  • Hagaý 2:7
    Mukaddes Kitap
    • 7 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men ähli milletleri sarsdyraryn, ähli halklaryň dürdänelerini* jemlärin+. Men öýümi şan⁠-⁠şöhratdan dolduraryn“+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş