-
Markus 5:38—43Mukaddes Kitap
-
-
38 Olar sinagoga ýolbaşçysynyň öýüne gelenlerinde, Isa adamlaryň dady-perýat edip, aglaşyp oturandygyny gördi+. 39 Isa öýe girip: «Siz näme aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölmedi, uklap ýatyr»+ diýdi. 40 Şonda adamlar Isany ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar. Emma ol adamlary daşaryk çykaryp, çaganyň kakasy, ejesi we ýanyndaky şägirtleri bilen gyzjagazyň ýatan otagyna girdi. 41 Soňra gyzjagazyň elinden tutup: «Talita kumi!», ýagny «Gyzjagaz, saňa diýýärin, tur!»+ diýdi. 42 Gyzjagaz şol bada ýerinden turup, ýöräp başlady. Ene-atasy muňa örän begendi. Gyzjagaz 12 ýaşyndady. 43 Isa olara muny hiç kime aýtmazlygy berk tabşyryp+, gyza nahar bermegi haýyş etdi.
-
-
Luka 8:52—56Mukaddes Kitap
-
-
52 Adamlar gyzyň ölendigine zaryn-zaryn aglaşyp, gursaklaryna urýardylar. Isa olara: «Aglamaň+, gyzjagaz ölenok, uklap ýatyr»+ diýdi. 53 Olar Isany ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar, sebäbi gyzyň ölendigini bilýärdiler. 54 Isa gyzjagazyň elinden tutup: «Gyzjagaz, tur!»+ diýdi. 55 Şol bada gyz direlip*+, ýerinden turdy+. Isa gyzy naharlamagy tabşyrdy. 56 Gyzyň ene-atasy muňa örän begendi. Emma Isa bolan wakany hiç kime gürrüň bermezligi tabşyrdy+.
-