Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 9:23—26
    Mukaddes Kitap
    • 23 Isa şol baştutanyň öýüne gelende, tüýdükçileri we zaryn-zaryn aglaşýan märekäni gördi+. 24 Isa olara: «Jaýdan çykyň, gyzjagaz ölenok, uklap ýatyr»+ diýdi. Şonda adamlar ony ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar. 25 Märeke daşaryk çykan badyna, Isa öýe girdi. Ol gyzjagazyň elinden tutdy welin+, ol ýerinden turdy+. 26 Bolan waka töwerekdäki obalara we şäherlere ýaýrady.

  • Markus 5:38—43
    Mukaddes Kitap
    • 38 Olar sinagoga ýolbaşçysynyň öýüne gelenlerinde, Isa adamlaryň dady⁠-⁠perýat edip, aglaşyp oturandygyny gördi+. 39 Isa öýe girip: «Siz näme aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölmedi, uklap ýatyr»+ diýdi. 40 Şonda adamlar Isany ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar. Emma ol adamlary daşaryk çykaryp, çaganyň kakasy, ejesi we ýanyndaky şägirtleri bilen gyzjagazyň ýatan otagyna girdi. 41 Soňra gyzjagazyň elinden tutup: «Talita kumi!», ýagny «Gyzjagaz, saňa diýýärin, tur!»+ diýdi. 42 Gyzjagaz şol bada ýerinden turup, ýöräp başlady. Ene⁠-⁠atasy muňa örän begendi. Gyzjagaz 12 ýaşyndady. 43 Isa olara muny hiç kime aýtmazlygy berk tabşyryp+, gyza nahar bermegi haýyş etdi.

  • Ýahýa 11:11
    Mukaddes Kitap
    • 11 Isa sözüni dowam edip: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr+, men ony turuzmaga gitjek» diýdi.

  • Resullar 7:60
    Mukaddes Kitap
    • 60 Stefanus dyza çöküp, batly ses bilen: «Ýehowa*, olara günäsi üçin jeza berme»+ diýip jan berdi*.

  • Resullar 13:36
    Mukaddes Kitap
    • 36 Dawut bütin ömrüne Hudaýyň islegini berjaý etdi. Ol ölüm ukusyna gitdi, ata⁠-⁠babalary ýaly jaýlandy, jesedi⁠-⁠de çüýredi+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş