-
Matta 9:23—26Mukaddes Kitap
-
-
23 Isa şol baştutanyň öýüne gelende, tüýdükçileri we zaryn-zaryn aglaşýan märekäni gördi+. 24 Isa olara: «Jaýdan çykyň, gyzjagaz ölenok, uklap ýatyr»+ diýdi. Şonda adamlar ony ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar. 25 Märeke daşaryk çykan badyna, Isa öýe girdi. Ol gyzjagazyň elinden tutdy welin+, ol ýerinden turdy+. 26 Bolan waka töwerekdäki obalara we şäherlere ýaýrady.
-
-
Luka 8:51—56Mukaddes Kitap
-
-
51 Isa onuň öýüne gelip, içeri diňe Petrusy, Ýahýany, Ýakuby we gyzyň ene-atasyny saldy. 52 Adamlar gyzyň ölendigine zaryn-zaryn aglaşyp, gursaklaryna urýardylar. Isa olara: «Aglamaň+, gyzjagaz ölenok, uklap ýatyr»+ diýdi. 53 Olar Isany ýaňsylap, üstünden gülüp başladylar, sebäbi gyzyň ölendigini bilýärdiler. 54 Isa gyzjagazyň elinden tutup: «Gyzjagaz, tur!»+ diýdi. 55 Şol bada gyz direlip*+, ýerinden turdy+. Isa gyzy naharlamagy tabşyrdy. 56 Gyzyň ene-atasy muňa örän begendi. Emma Isa bolan wakany hiç kime gürrüň bermezligi tabşyrdy+.
-