Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Markus 3:22—27
    Mukaddes Kitap
    • 22 Iýerusalimden gelen kanunçylar: «Onuň içinde Beýelzebul* bar. Ol jynlary jynlaryň hökümdarynyň kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler. 23 Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle mysal getirdi: «Şeýtan nädip öz⁠-⁠özüni kowup çykarsyn? 24 Eger bir patyşalygyň ilaty agzala bolsa, patyşalyk ýykylar+. 25 Ýa⁠-⁠da maşgalada agzalalyk bolsa, maşgala dargar. 26 Eger Şeýtan hem öz⁠-⁠özüne garşy çyksa, onuň patyşalygy berk bolmaz, ol ýykylar. 27 Eger biri güýçli adamyň öýüne girip, zadyny aljak bolsa, ilki el⁠-⁠aýagyny daňar, diňe şonda öýüni talap biler.

  • Luka 11:15—23
    Mukaddes Kitap
    • 15 Emma käbir adamlar: «Ol jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebulyň* kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler. 16 Käbirleri bolsa Isany synamak üçin gökden alamat görkezmegi talap etdiler+. 17 Isa olaryň niýetini bilip+, şeýle diýdi: «Eger bir patyşalygyň ilaty agzala bolsa, patyşalyk ýykylar. Bir maşgalada agzalalyk bolsa, maşgala dargar. 18 Eger Şeýtan hem öz⁠-⁠özüne garşy çykýan bolsa, onuň patyşalygy durarmy? Siz maňa jynlary Beýelzebulyň kömegi bilen kowup çykarýarsyň diýýärsiňiz. 19 Men jynlary Beýelzebulyň kömegi bilen çykarýan bolsam, onda siziň şägirtleriňiz kimiň kömegi bilen çykarýarlar? Siziň ýalňyşýandygyňyzy şägirtleriňiziň edýän işleri görkezýär. 20 Eger men jynlary Hudaýyň güýji*+ bilen kowup çykarýan bolsam, diýmek, Hudaýyň Patyşalygy gelip ýetipdir, ýöne siz muňa düşünmediňiz+. 21 Eli ýaragly we güýçli adam öýüni gorasa, hiç kim onuň zadyny ogurlap bilmez. 22 Emma ondan has güýçli biri topulyp, ony ýeňse, elinden ähli ýaraglaryny alar we talan zatlaryny başgalar bilen paýlaşar. 23 Meniň tarapymy tutmadyk adam maňa garşy çykýandyr. Meniň bilen adamlary ýygnamadyk olary menden kowýandyr+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş