Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 9:34
    Mukaddes Kitap
    • 34 Emma fariseýler: «Ol jynlary jynlaryň hökümdarynyň kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler.

  • Matta 10:25
    Mukaddes Kitap
    • 25 Şägirt halypasy ýaly, gul hem hojaýyny ýaly bolsa begenmelidir+. Adamlar öýüň eýesine Beýelzebul*+ diýýän bolsalar, onda öýündäkilere has beter zat diýmezmi?

  • Matta 12:24—29
    Mukaddes Kitap
    • 24 Fariseýler muny eşidip: «Ol jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebulyň* kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler. 25 Isa olaryň niýetini bilip, şeýle diýdi: «Eger bir patyşalygyň ilaty agzala bolsa, patyşalyk ýykylar. Bir şäherde ýa maşgalada bölünişik bolsa, onda ol dargar. 26 Eger Şeýtan hem Şeýtany kowup çykarýan bolsa, ol öz-özüne garşy gidýändir. Şeýle ýagdaýda patyşalygy durarmy? 27 Eger men jynlary Beýelzebulyň kömegi bilen kowup çykarýan bolsam, onda siziň şägirtleriňiz olary kimiň kömegi bilen kowup çykarýar? Siziň ýalňyşýandygyňyzy şägirtleriňiziň edýän işleri görkezýär. 28 Eger men jynlary Hudaýyň ruhy bilen kowup çykarýan bolsam, diýmek, Hudaýyň Patyşalygy size gelip ýetipdir, ýöne siz muňa düşünmediňiz+. 29 Eger biri güýçli adamyň öýüne girip, zadyny ogurlajak bolsa, ilki onuň el-aýagyny daňmazmy? Diňe şondan soň öýi talap biler.

  • Luka 11:15
    Mukaddes Kitap
    • 15 Emma käbir adamlar: «Ol jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebulyň* kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler.

  • Ýahýa 8:48
    Mukaddes Kitap
    • 48 Ýehudylar oňa: «Saňa samariýaly+, jynly adam diýip dogry aýdypdyrys»+ diýdiler.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş