Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 12:24—30
    Mukaddes Kitap
    • 24 Fariseýler muny eşidip: «Ol jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebulyň* kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler. 25 Isa olaryň niýetini bilip, şeýle diýdi: «Eger bir patyşalygyň ilaty agzala bolsa, patyşalyk ýykylar. Bir şäherde ýa maşgalada bölünişik bolsa, onda ol dargar. 26 Eger Şeýtan hem Şeýtany kowup çykarýan bolsa, ol öz-özüne garşy gidýändir. Şeýle ýagdaýda patyşalygy durarmy? 27 Eger men jynlary Beýelzebulyň kömegi bilen kowup çykarýan bolsam, onda siziň şägirtleriňiz olary kimiň kömegi bilen kowup çykarýar? Siziň ýalňyşýandygyňyzy şägirtleriňiziň edýän işleri görkezýär. 28 Eger men jynlary Hudaýyň ruhy bilen kowup çykarýan bolsam, diýmek, Hudaýyň Patyşalygy size gelip ýetipdir, ýöne siz muňa düşünmediňiz+. 29 Eger biri güýçli adamyň öýüne girip, zadyny ogurlajak bolsa, ilki onuň el-aýagyny daňmazmy? Diňe şondan soň öýi talap biler. 30 Meniň tarapymy tutmadyk adam maňa garşy çykýandyr. Meniň bilen adamlary ýygnamadyk olary menden kowýandyr+.

  • Markus 3:22—27
    Mukaddes Kitap
    • 22 Iýerusalimden gelen kanunçylar: «Onuň içinde Beýelzebul* bar. Ol jynlary jynlaryň hökümdarynyň kömegi bilen kowup çykarýar»+ diýdiler. 23 Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle mysal getirdi: «Şeýtan nädip öz⁠-⁠özüni kowup çykarsyn? 24 Eger bir patyşalygyň ilaty agzala bolsa, patyşalyk ýykylar+. 25 Ýa⁠-⁠da maşgalada agzalalyk bolsa, maşgala dargar. 26 Eger Şeýtan hem öz⁠-⁠özüne garşy çyksa, onuň patyşalygy berk bolmaz, ol ýykylar. 27 Eger biri güýçli adamyň öýüne girip, zadyny aljak bolsa, ilki el⁠-⁠aýagyny daňar, diňe şonda öýüni talap biler.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş