Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Markus 6:45—52
    Mukaddes Kitap
    • 45 Isa şägirtlerine derrew gaýyga münüp, beýleki kenara, ýagny Beýtsaýda tarapa geçmegi tabşyrdy. Özi bolsa märekäni ugratmak üçin galdy+. 46 Isa adamlar bilen hoşlaşyp, doga etmek üçin daga gitdi+. 47 Agşam düşende, gaýyk deňziň ortasyna ýetipdi. Isa bolsa entegem dagdady+. 48 Soňra Isa şägirtleriň kynlyk bilen kürekläp barýanyny gördi, sebäbi ýel olara garşy öwüsýärdi. Takmynan gijäniň dördünji nobatynda* Isa deňziň ýüzünden ýöräp, gaýyga golaý bardy, ýöne deňinden geçip gitjek ýaly bolup göründi. 49 Olar Isanyň deňziň ýüzünden ýöräp gelýänini görüp: «Bu ne alamat!» diýip gygyryşdylar. 50 Olar Isany görüp gorkdular. Isa derrew şägirtlerine: «Gorkmaň! Bu men, batyr boluň»+ diýdi. 51 Soňra ol gaýyga mündi, ýel hem ýatdy. Olar muňa haýran galdylar. 52 Olar Isanyň bäş çörek bilen görkezen gudratyndan hiç hili sapak edinmändirler, sebäbi manysyna entegem düşünmeýärdiler.

  • Ýahýa 6:16—21
    Mukaddes Kitap
    • 16 Gün ýaşanda, şägirtler deňziň kenaryna gitdiler+. 17 Olar gaýyga münüp, deňziň beýleki kenaryndaky Kapernawuma tarap ýola düşdüler. Garaňky düşüpdi, Isa henizem olaryň ýanyna gelmändi+. 18 Deňizde güýçli ýel turup, tolkunlar möwç urup başlady+. 19 Şägirtler üç-dört çakrym* ýüzenlerinde, Isanyň deňziň ýüzünden ýöräp, gaýyga golaýlaşanyny görüp gorkdular. 20 Isa olara: «Gorkmaň! Bu men»+ diýdi. 21 Olar begenip, Isany gaýyga mündürdiler. Şeýlelikde, olar biraz wagtdan barmaly ýerine ýetdiler+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş