-
Markus 9:17—29Mukaddes Kitap
-
-
17 Adamlaryň biri: «Mugallym, oglumy getirdim, içinde jyn bar. Jyn oglumy lal etdi+. 18 Oglumyň tutgaýy tutanda agzy köpürjikläp, dişini gyjaýar, halys ysgyndan gaçýar. Onuň içinden jyny çykarmagy şägirtleriňden haýyş etdim, ýöne başarmadylar» diýdi. 19 Isa: «Eý imansyz nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Oglany ýanyma getiriň»+ diýdi. 20 Olar oglany Isanyň ýanyna getirdiler. Jyn Isany gören badyna, oglanyň tutgaýyny tutdurdy. Oglan ýykylyp, iki ýana urundy we agzy köpürjikläp başlady. 21 Isa onuň kakasyndan: «Ogluň haçandan bäri ejir çekýär?» diýip sorady. Ol: «Çagalygyndan bäri. 22 Jyn ony käte oda, käte suwa urup öldürjek bolýar. Bize rehim et, ony sagaldyp bilýän bolsaň, kömek et» diýdi. 23 Isa oňa: «Näme üçin „sagaldyp bilýän bolsaň“ diýýärsiň? Iman edýän üçin ähli zat mümkindir»+ diýdi. 24 Oglanyň kakasy şol bada gygyryp: «Iman edýärin! Eger imanym gowşak bolsa, ony berkit»+ diýdi.
25 Isa adamlaryň ylgaşyp gelýänini görüp, jyna käýedi. Ol: «Eý lal we ker edýän jyn! Saňa buýurýaryn, oglandan çyk-da, gaýdyp girme»+ diýdi. 26 Jyn oglanyň tutgaýyny tutduryp, gygyryp içinden çykdy. Oglan ýerde öli ýaly ýatyrdy. Adamlaryň köpüsi: «Oglan öldi!» diýişdiler. 27 Isa oglanyň elinden tutup ýerinden galdyrdy. Oglan ýerinden turdy. 28 Soňra Isa şägirtleri bilen öýe girdi. Olar ýeke galanlarynda şägirtleri: «Biz näme üçin jyny çykaryp bilmedik?» diýip soradylar+. 29 Isa: «Şeýle jyny diňe doga-dilegiň kömegi bilen çykaryp bolýar» diýdi.
-
-
Luka 9:38—42Mukaddes Kitap
-
-
38 Märekäniň arasyndan bir adam gygyryp: «Mugallym, ýalbarýaryn, ogluma kömek et! Ol meniň ýalňyz perzendim+. 39 Jyn oglumyň tutgaýyny tutduranda, ony gygyrdyp, güýçli sandyradýar. Oglumyň agzyny köpürjikledýär, ony halys ysgyndan gaçyrýar, diňe şondan soň oglumdan el çekýär. 40 Onuň içinden jyny çykarmagy şägirtleriňe haýyş etdim, ýöne başarmadylar» diýdi. 41 Isa: «Eý imansyz we azgyn nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Ogluňy ýanyma getir»+ diýdi. 42 Oglan Isanyň ýanyna baranda, jyn ony ýere pylçap urdy we tutgaýyny tutdurdy. Isa jyna käýedi-de, oglany sagaldyp, kakasyna tabşyrdy.
-