-
Matta 17:14—17Mukaddes Kitap
-
-
14 Olar märekäniň ýanyna gelenlerinde+, bir adam Isanyň öňünde dyza çöküp: 15 «Agam, ogluma rehim et! Ol garaguş keselinden ejir çekýär, ýagdaýy agyr. Ol özüni oda-suwa urýar+. 16 Oglumy şägirtleriň ýanyna eltdim, ýöne sagaldyp bilmediler» diýdi. 17 Isa: «Eý imansyz we azgyn nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Oglany ýanyma getiriň» diýdi.
-
-
Luka 9:38—42Mukaddes Kitap
-
-
38 Märekäniň arasyndan bir adam gygyryp: «Mugallym, ýalbarýaryn, ogluma kömek et! Ol meniň ýalňyz perzendim+. 39 Jyn oglumyň tutgaýyny tutduranda, ony gygyrdyp, güýçli sandyradýar. Oglumyň agzyny köpürjikledýär, ony halys ysgyndan gaçyrýar, diňe şondan soň oglumdan el çekýär. 40 Onuň içinden jyny çykarmagy şägirtleriňe haýyş etdim, ýöne başarmadylar» diýdi. 41 Isa: «Eý imansyz we azgyn nesil!+ Men haçana çenli siziň bilen bolmaly? Haçana çenli size çydamaly? Ogluňy ýanyma getir»+ diýdi. 42 Oglan Isanyň ýanyna baranda, jyn ony ýere pylçap urdy we tutgaýyny tutdurdy. Isa jyna käýedi-de, oglany sagaldyp, kakasyna tabşyrdy.
-