-
Matta 14:15—21Mukaddes Kitap
-
-
15 Agşam düşende, şägirtleri: «Bäri çola, wagtam giç boldy. Goý, märeke obalara gidip, iýere zat satyn alsyn»+ diýdiler. 16 Emma Isa: «Olara gitmegiň geregi ýok. Iýere zady siz beriň» diýdi. 17 Şägirtleri bolsa: «Bizde bäş çörek bilen iki balykdan başga zat ýok» diýdiler. 18 Isa: «Çörekleri we balyklary getiriň» diýdi. 19 Isa märekäni otuň üstünde oturtdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy aldy-da, göge bakyp doga etdi*+. Soňra çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary märekä paýlady. 20 Adamlar iýip doýdular. Galan çörekleri ýygnadylar welin, 12 sebet doldy+. 21 Aýallary we çagalary hasaba almasaň, iýenleriň sany 5 000 adam töweregidi+.
-
-
Luka 9:12—17Mukaddes Kitap
-
-
12 Gün ýaşyp barýarka, 12 resul Isanyň ýanyna gelip: «Bäri çola, märekäni iber, töwerekdäki obalara gidip, ýatara ýer tapsynlar, iýere zat satyn alsynlar»+ diýdiler. 13 Isa resullaryna: «Olara siz iýere zat beriň»+ diýdi. Olar: «Bizde diňe bäş çörek bilen iki balyk bar. Adamlara çöregi biz satyn alalymy?» diýdiler. 14 Ol ýere 5 000-e golaý erkek adam ýygnanypdy. Isa şägirtlerine: «Adamlary elli-elliden toparlara bölüp oturdyň» diýdi. 15 Olar hem Isanyň aýdyşy ýaly etdiler. 16 Isa bäş çörek bilen iki balygy aldy-da, göge bakyp doga etdi*. Soňra olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, olar hem märekä paýladylar. 17 Adamlar iýip doýdular. Artyp galan zatlary ýygnanlarynda, 12 sebet doldy+.
-