-
Matta 14:15—21Mukaddes Kitap
-
-
15 Agşam düşende, şägirtleri: «Bäri çola, wagtam giç boldy. Goý, märeke obalara gidip, iýere zat satyn alsyn»+ diýdiler. 16 Emma Isa: «Olara gitmegiň geregi ýok. Iýere zady siz beriň» diýdi. 17 Şägirtleri bolsa: «Bizde bäş çörek bilen iki balykdan başga zat ýok» diýdiler. 18 Isa: «Çörekleri we balyklary getiriň» diýdi. 19 Isa märekäni otuň üstünde oturtdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy aldy-da, göge bakyp doga etdi*+. Soňra çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary märekä paýlady. 20 Adamlar iýip doýdular. Galan çörekleri ýygnadylar welin, 12 sebet doldy+. 21 Aýallary we çagalary hasaba almasaň, iýenleriň sany 5 000 adam töweregidi+.
-
-
Markus 6:35—44Mukaddes Kitap
-
-
35 Şägirtler öýlän Isanyň ýanyna gelip: «Bäri çola, wagtam giç boldy+. 36 Goý, adamlar golaýdaky bazarlara we obalara gidip, iýere zat satyn alsynlar»+ diýdiler. 37 Isa: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Şonda şägirtleri: «Gidip, 200 teňňelik* çörek satyn alalymy?» diýdiler+. 38 Isa: «Näçe çöregiňiz bar? Baryň, görüň!» diýdi. Olar gelip: «Bäş çörek bilen iki balyk bar eken»+ diýdiler. 39 Şonda Isa adamlary toparlara bölüp, otuň üstünde oturtdy+. 40 Olar hem ýüz-ýüzden we elli-elliden oturdylar. 41 Isa bäş çörek bilen iki balygy aldy-da, göge bakyp doga etdi+. Soňra çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtler hem olary adamlaryň öňünde goýdular. Isa iki balygy-da hemmelere bölüp berdi. 42 Adamlar iýip doýdular. 43 Balyklary hasaba almanyňda, galan çörekleri ýygnanlarynda 12 sebet doldy+. 44 Çöregi 5 000 erkek adam iýdi.
-
-
Ýahýa 6:5—13Mukaddes Kitap
-
-
5 Isa başyny galdyranda, uly märekäniň gelýänini görüp, Filipusa: «Adamlara iýere çöregi nireden satyn alarys?»+ diýdi. 6 Isa näme etjegini bilýärdi, ýöne Filipusy synap görmek üçin aýtdy. 7 Filipus: «Iki ýüz teňňelik* çörek satyn alyp, adamlara bölüşdirip bersek-de ýetmez» diýdi. 8 Şägirtleriň biri, ýagny Simun Petrusyň dogany Andreas: 9 «Bir oglanjykda bäş arpa çörek bilen iki kiçi balyk bar. Olar uly märekä nädip ýetsin?»+ diýdi.
10 Isa: «Adamlary oturdyň» diýdi. Ol ýer otlukdy, şonuň üçin 5 000-e golaý adam arkaýyn oturdy+. 11 Isa çöregi alyp, Hudaýa minnetdarlyk aýtdy-da, oturan märekä paýlady. Şonuň ýaly, ol kiçi balyklary hem paýlady, her kim geregini aldy. 12 Märeke iýip doýansoň, Isa şägirtlerine: «Artyp galan bölekleri ýygnaň, zaýa bolmasyn» diýdi. 13 Şägirtler hem bäş arpa çörekden artyp galan bölekleri ýygnap, 12 sebet doldurdylar.
-