-
Matta 14:14—17Mukaddes Kitap
-
-
14 Isa kenara çykyp, uly märekäni görende, olara haýpy gelip+, syrkawlary sagaltdy+. 15 Agşam düşende, şägirtleri: «Bäri çola, wagtam giç boldy. Goý, märeke obalara gidip, iýere zat satyn alsyn»+ diýdiler. 16 Emma Isa: «Olara gitmegiň geregi ýok. Iýere zady siz beriň» diýdi. 17 Şägirtleri bolsa: «Bizde bäş çörek bilen iki balykdan başga zat ýok» diýdiler.
-
-
Markus 6:35—38Mukaddes Kitap
-
-
35 Şägirtler öýlän Isanyň ýanyna gelip: «Bäri çola, wagtam giç boldy+. 36 Goý, adamlar golaýdaky bazarlara we obalara gidip, iýere zat satyn alsynlar»+ diýdiler. 37 Isa: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Şonda şägirtleri: «Gidip, 200 teňňelik* çörek satyn alalymy?» diýdiler+. 38 Isa: «Näçe çöregiňiz bar? Baryň, görüň!» diýdi. Olar gelip: «Bäş çörek bilen iki balyk bar eken»+ diýdiler.
-
-
Luka 9:12, 13Mukaddes Kitap
-
-
12 Gün ýaşyp barýarka, 12 resul Isanyň ýanyna gelip: «Bäri çola, märekäni iber, töwerekdäki obalara gidip, ýatara ýer tapsynlar, iýere zat satyn alsynlar»+ diýdiler. 13 Isa resullaryna: «Olara siz iýere zat beriň»+ diýdi. Olar: «Bizde diňe bäş çörek bilen iki balyk bar. Adamlara çöregi biz satyn alalymy?» diýdiler.
-