-
Matta 26:69—75Mukaddes Kitap
-
-
69 Petrus şol wagt howluda otyrdy. Onuň ýanyna hyzmatkär gyz gelip: «Senem jelileli Isanyň ýanyndadyň»+ diýdi. 70 Petrus bolsa adamlaryň öňünde: «Men-ä näme diýýändigine düşünemok» diýip, boýun almady. 71 Ol derwezä golaýlaşanda, başga bir gyz: «Şu adam hem nazaretli Isanyň ýanyndady»+ diýdi. 72 Petrus ant içip: «Men ony tanamok!» diýip, ýene-de boýun almady. 73 Biraz wagtdan soň, şol ýerdäki adamlar Petrusa: «Sen-ä şolaryň biri, gepleýşiňden* bildirýär» diýdiler. 74 Şonda ol*: «Men ony tanamok!» diýip, ant içip, awy ýalady. Edil şol wagt horaz gygyrdy. 75 Şonda Isanyň: «Horaz gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýen sözleri Petrusyň ýadyna düşdi. Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady.
-
-
Luka 22:55—62Mukaddes Kitap
-
-
55 Adamlar howluda ot ýakyp otyrkalar, Petrus hem ýanlaryna baryp oturdy+. 56 Şonda hyzmatkär gyz Petrusyň oduň başynda ýylnyp oturanyny görüp, oňa seretdi-de: «Şu adam hem Isanyň ýanyndady» diýdi. 57 Emma Petrus: «Men ony tanamok!» diýip boýun almady. 58 Biraz wagtdan başga biri: «Senem şägirtleriniň biri» diýdi. Petrus bolsa: «Ýok, beýle däl!»+ diýdi. 59 Bir sagada golaý wagt geçensoň, ýene biri gelip: «Şu adamam onuň ýanyndady, jelilelidigi görnüp dur» diýip, gaýta-gaýta aýtdy. 60 Petrus bolsa: «Men-ä näme diýýäniňe düşünemok» diýdi. Ol sözüni soňlamanka, horaz gygyrdy. 61 Isa hem öwrülip, Petrusa seretdi. Şonda Halypamyzyň: «Şu gün horaz gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň» diýen sözleri Petrusyň ýadyna düşdi+. 62 Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady.
-