Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Markus 14:66—72
    Mukaddes Kitap
    • 66 Petrus aşakda, ýagny howluda otyrka, baş ruhanynyň hyzmatkär gyzlarynyň biri geldi+. 67 Ol Petrusyň oduň başynda ýylnyp oturanyny görüp, çiňerilip seretdi⁠-⁠de: «Senem nazaretli Isanyň ýanyndadyň» diýdi. 68 Petrus adamlaryň öňünde: «Men ony tanamok, näme diýýäniňe⁠-⁠de düşünemok» diýip, boýun almady we derwezä tarap gitdi. 69 Hyzmatkär gyz ýene⁠-⁠de Petrusy görüp, duran adamlara: «Şu⁠-⁠da şägirtleriniň biri» diýdi. 70 Petrus ýene⁠-⁠de boýun almady. Biraz wagtdan şol ýerdäki adamlar Petrusa: «Sen⁠-⁠ä şolaryň biri, jelilelidigiň görnüp dur» diýdiler. 71 Şonda Petrus*: «Men siziň aýdýan adamyňyzy tanamok!» diýip, ant içip, awy ýalady. 72 Şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy+. Şonda Isanyň: «Horaz iki gezek gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýen sözleri Petrusyň ýadyna düşdi. Ol juda gynanyp, möňňürip aglady.

  • Luka 22:54—62
    Mukaddes Kitap
    • 54 Olar Isany tussag edip+, baş ruhanynyň öýüne alyp gitdiler. Petrus bolsa uzagrakdan olaryň yzyndan gitdi+. 55 Adamlar howluda ot ýakyp otyrkalar, Petrus hem ýanlaryna baryp oturdy+. 56 Şonda hyzmatkär gyz Petrusyň oduň başynda ýylnyp oturanyny görüp, oňa seretdi⁠-⁠de: «Şu adam hem Isanyň ýanyndady» diýdi. 57 Emma Petrus: «Men ony tanamok!» diýip boýun almady. 58 Biraz wagtdan başga biri: «Senem şägirtleriniň biri» diýdi. Petrus bolsa: «Ýok, beýle däl!»+ diýdi. 59 Bir sagada golaý wagt geçensoň, ýene biri gelip: «Şu adamam onuň ýanyndady, jelilelidigi görnüp dur» diýip, gaýta⁠-⁠gaýta aýtdy. 60 Petrus bolsa: «Men⁠-⁠ä näme diýýäniňe düşünemok» diýdi. Ol sözüni soňlamanka, horaz gygyrdy. 61 Isa hem öwrülip, Petrusa seretdi. Şonda Halypamyzyň: «Şu gün horaz gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň» diýen sözleri Petrusyň ýadyna düşdi+. 62 Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady.

  • Ýahýa 18:15—17
    Mukaddes Kitap
    • 15 Simun Petrus bilen ýene bir şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdi+. Şol şägirt baş ruhany bilen tanyşdy. Şonuň üçin ol Isanyň yzy bilen baş ruhanynyň howlusyna girdi. 16 Petrus bolsa derwezäniň daşynda durdy. Baş ruhanyny tanaýan şägirt derwezäniň agzynda durýan hyzmatkär gyz bilen gepleşip, Petrusy howla saldy. 17 Şonda hyzmatkär gyz Petrusa: «Sen hem şol adamyň şägirdi dälmi?» diýdi. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş