Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 26:69, 70
    Mukaddes Kitap
    • 69 Petrus şol wagt howluda otyrdy. Onuň ýanyna hyzmatkär gyz gelip: «Senem jelileli Isanyň ýanyndadyň»+ diýdi. 70 Petrus bolsa adamlaryň öňünde: «Men-ä näme diýýändigine düşünemok» diýip, boýun almady.

  • Markus 14:66—68
    Mukaddes Kitap
    • 66 Petrus aşakda, ýagny howluda otyrka, baş ruhanynyň hyzmatkär gyzlarynyň biri geldi+. 67 Ol Petrusyň oduň başynda ýylnyp oturanyny görüp, çiňerilip seretdi⁠-⁠de: «Senem nazaretli Isanyň ýanyndadyň» diýdi. 68 Petrus adamlaryň öňünde: «Men ony tanamok, näme diýýäniňe⁠-⁠de düşünemok» diýip, boýun almady we derwezä tarap gitdi.

  • Luka 22:55—57
    Mukaddes Kitap
    • 55 Adamlar howluda ot ýakyp otyrkalar, Petrus hem ýanlaryna baryp oturdy+. 56 Şonda hyzmatkär gyz Petrusyň oduň başynda ýylnyp oturanyny görüp, oňa seretdi⁠-⁠de: «Şu adam hem Isanyň ýanyndady» diýdi. 57 Emma Petrus: «Men ony tanamok!» diýip boýun almady.

  • Ýahýa 18:25
    Mukaddes Kitap
    • 25 Simun Petrus oduň başynda ýylnyp durdy. Şonda ýanynda duranlar: «Senem onuň şägirdi gerek?» diýdiler. Ol: «Ýok» diýip, boýun almady+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş