-
Matta 26:69—75Mukaddes Kitap
-
-
69 Petrus şol wagt howluda otyrdy. Onuň ýanyna hyzmatkär gyz gelip: «Senem jelileli Isanyň ýanyndadyň»+ diýdi. 70 Petrus bolsa adamlaryň öňünde: «Men-ä näme diýýändigine düşünemok» diýip, boýun almady. 71 Ol derwezä golaýlaşanda, başga bir gyz: «Şu adam hem nazaretli Isanyň ýanyndady»+ diýdi. 72 Petrus ant içip: «Men ony tanamok!» diýip, ýene-de boýun almady. 73 Biraz wagtdan soň, şol ýerdäki adamlar Petrusa: «Sen-ä şolaryň biri, gepleýşiňden* bildirýär» diýdiler. 74 Şonda ol*: «Men ony tanamok!» diýip, ant içip, awy ýalady. Edil şol wagt horaz gygyrdy. 75 Şonda Isanyň: «Horaz gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýen sözleri Petrusyň ýadyna düşdi. Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady.
-
-
Markus 14:66—72Mukaddes Kitap
-
-
66 Petrus aşakda, ýagny howluda otyrka, baş ruhanynyň hyzmatkär gyzlarynyň biri geldi+. 67 Ol Petrusyň oduň başynda ýylnyp oturanyny görüp, çiňerilip seretdi-de: «Senem nazaretli Isanyň ýanyndadyň» diýdi. 68 Petrus adamlaryň öňünde: «Men ony tanamok, näme diýýäniňe-de düşünemok» diýip, boýun almady we derwezä tarap gitdi. 69 Hyzmatkär gyz ýene-de Petrusy görüp, duran adamlara: «Şu-da şägirtleriniň biri» diýdi. 70 Petrus ýene-de boýun almady. Biraz wagtdan şol ýerdäki adamlar Petrusa: «Sen-ä şolaryň biri, jelilelidigiň görnüp dur» diýdiler. 71 Şonda Petrus*: «Men siziň aýdýan adamyňyzy tanamok!» diýip, ant içip, awy ýalady. 72 Şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy+. Şonda Isanyň: «Horaz iki gezek gygyrmanka, menden üç gezek ýüz öwrersiň»+ diýen sözleri Petrusyň ýadyna düşdi. Ol juda gynanyp, möňňürip aglady.
-
-
Ýahýa 18:18Mukaddes Kitap
-
-
18 Howa sowukdy, şonuň üçin hyzmatkärler we serkerdeler ot ýakyp, ýylnyp durdylar. Petrus hem olar bilen ýylnyp durdy.
-