Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Çigildem». Öwüt-ündew. Asafyň aýdymy+.
80 Ysraýylyň Çopany, bizi diňle!
Çopanyň sürä ýol görkezişi ýaly, Ýusuba ýol görkez+.
4 Serkerdebaşy Ýehowa, haçana çenli halkyňa gaharlanyp,
Dogasyna jogap bermersiň?+
5 Çörege derek gözýaş bilen doýurdyň,
Olary gözýaşa gark etdiň.
6 Ýurdumyza eýe çykmak üçin goňşular dawalaşýar,
Duşmanlar agzyna gelenini aýdýar+.
7 Serkerdebaşy, ýagşy günleri gaýtaryp ber!
Ýüzüň nury üstümize şöhle saçsyn, bizi halas eýle+.
8 Müsürden üzüm nahalyny+ getirdiň,
Milletleri kowup, ony ekdiň+.
9 Onuň üçin ýer taýýarladyň,
Ol kök urdy, ýurdy eýeledi+.
10 Kölegesi daglary,
Hudaýyň kedr agaçlaryny örtdi.
13 Jeňňeliň ýekegapanlary hoşalaryny zaýalaýar,
Wagşy haýwanlar üzümlerini iýýär+.
14 Eý Serkerdebaşy, ýalbarýarys, yzyňa dolan,
Gökden nazar sal!
Eken üzüm agajyň aladasyny et+.
15 Sag eliň bilen eken nahalyňa+,
Şan-şöhratyň üçin ýetişdiren şahaňa nazar sal+.
16 Ony çapyp taşladylar, oda ýakdylar+,
Sen käýäniňde halkyň ýok boldy.
18 Biz senden ýüz öwürmeris,
Janymyzy halas et, seniň adyňa bil baglarys.
19 Serkerdebaşy Ýehowa, ýagşy günleri gaýtaryp ber!
Ýüzüň nury üstümize şöhle saçsyn, bizi halas et+.