Ikinji Taryh
36 Soňra halk Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazyň+ başyna ýag guýup, Iýerusalimde kakasynyň ýerine patyşa belledi+. 2 Ýehogahaz 23 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde üç aý höküm sürdi. 3 Emma Müsür patyşasy ony Iýerusalimde tagtdan düşürip, ilatyna 100 batman* kümüş we bir batman altyn salgyt saldy+. 4 Soňra Müsür patyşasy Neho+ Ýehogahazyň dogany Alyýakymy Ýahuda we Iýerusalime patyşa belläp, adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Ýehogahazy bolsa Müsüre äkitdi+.
5 Ýehoýakym+ 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 11 ýyl höküm sürdi. Ýehoýakym Ýehowa Hudaýyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 6 Soňra ýurda Wawilon patyşasy Nawuhodonosor+ çozup, Ýehoýakymy iki mis gandala baglap, Wawilona äkitjek boldy+. 7 Nawuhodonosor Ýehowanyň öýündäki käbir gap-gaçlary Wawilona äkidip, köşgünde goýdy+. 8 Ýehoýakymyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, ýigrenji işleri we ýamanlyklary Ysraýyl hem-de Ýahuda patyşalarynyň kitabynda ýazylandyr. Ýehoýakymyň ýerine ogly Ýehoýakyn patyşa boldy+.
9 Ýehoýakyn+ 18 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde üç aý on gün höküm sürdi. Ýehoýakyn Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi+. 10 Ýylyň başynda* Nawuhodonosor patyşa nökerlerini iberip, Ýehoýakyn patyşany we Ýehowanyň öýündäki gymmatbaha zatlary+ Wawilona getirtdi+. Ýehoýakynyň agasy* Sadykýary bolsa Ýahuda we Iýerusalime patyşa belledi+.
11 Sadykýar+ 21 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 11 ýyl höküm sürdi+. 12 Sadykýar Ýehowa Hudaýyň öňünde erbet işleri edýärdi. Ol Ýehowanyň habaryny aýdan Ýermeýa pygambere+ gulak asmady*. 13 Sadykýar Nawuhodonosor patyşa+ bilen Hudaýyň adyndan ylalaşyk baglaşsa-da, oňa garşy gozgalaň turuzdy. Ol boýnuýogynlyk edip, ýüregini gatatdy, Ysraýyl Hudaýy Ýehowa dolanmak islemedi. 14 Ruhanylaryň baştutanlarynyň we halkyň eden günäleri* hetden aşypdy. Olar başga halklaryň ýigrenji işlerine baş goşup, Ýehowanyň Iýerusalimdäki mukaddes ybadathanasyny haram etdiler+.
15 Ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa pygamberlerini iberip, olara gaýta-gaýta duýduryş berdi. Sebäbi Hudaýyň öz halkyna we mukaddes mekanyna ýüregi awaýardy. 16 Olar bolsa hak Hudaýyň wekilleriniň üstünden güldüler+, sözlerini äsgermezlik edip+, pygamberlerini masgaraladylar+. Olar ýetjek derejesine ýetensoň*, Ýehowanyň halkyna gahar-gazaby lowlady+.
17 Hudaý haldeýleriň patyşasyny olara garşy aýaga galdyrdy+. Haldeý patyşasy mukaddes otagda+ olaryň ýigitlerini gylyçdan geçirdi+. Oglana-gyza, garra ýa ejize rehim etmedi+. Hudaý ähli zady onuň eline berdi+. 18 Ol hak Hudaýyň öýündäki uly-kiçi gap-gaçlary, Ýehowanyň öýüniň, patyşanyň we han-begleriň hazynalaryndaky ähli zady Wawilona äkitdi+. 19 Hak Hudaýyň öýüni otlap+, Iýerusalimiň diwaryny ýumurdy+, berk diňleri ýakyp kül etdi, gymmatbaha zatlary ýok etdi+. 20 Diri galanlary Wawilona ýesirlige äkitdi+. Pars patyşalygy höküm sürüp başlaýança+, olar Nawuhodonosora we ogullaryna gul bolup+ ýaşadylar. 21 Şeýlelikde, Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözi berjaý bolup+, ýurt öňki Sabat ýyllarynyň öwezini doldy+. Ýurt 70 ýyllap haraba bolup ýatanda+, topraga dynç berildi*.
22 Pars patyşasy Kiriň+ hökümdarlygynyň birinji ýylynda, Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözi+ ýerine ýetdi. Ýehowa Pars patyşasy Kiri bir perman çykarmaga höweslendirdi*. Kir patyşa şu permany+ bütin patyşalygynda jar çekdirdi: 23 «Pars patyşasy Kir şeýle diýýär: „Gökleriň Hudaýy Ýehowa ýer ýüzüniň ähli patyşalyklaryny maňa berdi+. Ol Ýahuda topragynda ýerleşýän Iýerusalimde ybadathana gurmagy tabşyrdy+. Araňyzda şol Hudaýa sežde edýäniňiz barmy? Goý, Ýehowa Hudaý ýaryňyz bolsun! Iýerusalime gidiň“»+.