Işaýa
8 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Bir uly tagta+ al-da, ýüzüne galam* bilen Maherşelalhaşbaz* diýip ýaz. 2 Wepaly şaýatlarym Uryýa+ ruhany we Ýeberehýanyň ogly Zekerýa ony ýazmaça tassyklasyn».
3 Soňra men pygamber aýalyma ýanaşdym*. Ol göwreli boldy we aýy-güni dolup, bir ogul dogurdy+. Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Adyna Maherşelalhaşbaz dak. 4 Çagaň „kaka, eje“ diýip dil açmanka, Damasgyň hazynasy we Samariýanyň baýlygy Assiriýa patyşasynyň köşgüne äkidiler»+.
5 Ýehowa sözüni şeýle dowam etdi:
6 «Halkym Şilowanyň ýuwaş akýan ýabyny ýigrenip+,
Resine we Remalyň ogluna+ guwandylar.
7 Şonuň üçin Ýehowa olaryň üstüne,
Güýçli we joşup akýan derýanyň* suwlaryny,
Şan-şöhratly Assiriýa patyşasyny iberer+.
Onuň ähli çaý-çeşmeleriniň suwy göterilip,
Hanasyndan dolup daşar.
8 Patyşa tutuş Ýahudany gark eder,
Sil kimin ähli ýeri basyp, bokurdagyna ýeter+.
Onuň gerlen ganaty tutuş ýurduňy örter!»
9 Eý halklar, eliňizden gelen ýamanlygy ediberiň,
Barybir ýok edilersiňiz.
Ýeriň aňry ujundan gelen halk, meni diňläň!
Söweşe taýýarlanyberiň*, barybir ýok edilersiňiz!+
Söweşe taýýarlanyň, emma barybir ýok edilersiňiz!
10 Dildüwşük gurnaň, emma ol başa barmaz,
11 Ýehowanyň gudratly goly meniň üstümdedi. Ol maňa halkyň yzyna düşme diýip tabşyryk berdi:
12 «Adamlar: „Olar bize garşy dil düwüşdi“ diýse ynanmaň.
Olaryň gorkan zadyndan gorkmaň,
Asla heder etmäň.
Emma Ysraýylyň iki öýi üçin,
Büdredýän daş kimin+,
Mynjyradýan gaýa kimin bolar.
Iýerusalimiň ýaşaýjylaryna
Duzak we tor bolar.
15 Olaryň köpüsi büdrär, ýykylar we el-aýagyny döwdürer,
Olar duzaga düşer, tutular.
16 Golýazmany* düýrle,
Şägirtlerimiň öňünde kanuny möhürle!
17 Ýehowa Ýakup öýünden ýüz öwürse-de+, men garaşaryn+, umyt baglaryn.
18 Men Ýehowanyň beren ogullary+ bilen Sion dagynda mesgen tutan Serkerdebaşy Ýehowanyň Ysraýylda goýan alamaty+ hem-de gudraty bolaryn.
19 Eger olar saňa: «Pyşyrdaýan* we samyrdaýan jadygöýlere hem-de bilgiçlere* ýüz tut» diýseler, olara gulak asarmyň? Halk öz Hudaýyna ýüz tutmaly dälmi näme? Diriler hakda ölülerden soralarmy?+ 20 Olar kanuna we golýazma* gulak asmaly dälmi näme?
Olar Allanyň aýdan sözlerini diňlemeseler, daň şapagyna ýüzi düşmez+. 21 Ýurduň ilaty ejir çekip, aç-ýalaňaç, sergezdan bolar+. Olar açlykdan ýaňa gaharlanyp, patyşasyny näletlär we göge seredip Hudaýyna gargar. 22 Olar daş-töweregine seredenlerinde jebir-jepa, tümlük, alaçsyzlyk, görgi, garaňkylyk we tüm-garaňkylyk görerler.