Birinji Musa
48 Biraz wagtdan Ýusuba: «Kakaň ýagdaýy agyrlaşdy» diýip habar berdiler. Şonda ol ogullary Manaşa bilen Efraýymy alyp, kakasynyň ýanyna gitdi+. 2 Ýakup ogly Ýusubyň gelenini eşidip, bar güýjüni jemledi-de, düşeginde dikelip oturdy. 3 Ýakup Ýusuba:
«Gudratygüýçli Hudaý Kengan ýurdundaky Luzda maňa görnüp, ak pata berdi+. 4 Ol maňa: „Seni ogul-gyzly edip, nesliňi köpelderin, senden uly millet dörederin+, şu topragy nesliňe ebedilik mülk edip bererin“ diýipdi+. 5 Müsüre gelmänkäm doglan iki ogluň meniň ogullarym bolar+. Ruben we Şimgon ýaly, Efraýym bilen Manaşa hem öz ogullarymdyr+. 6 Indiki doguljak çagalaryň özüňki bolar. Olar agalary bilen deň hatarda miras paýyny alar+. 7 Paddandan gelýärkäm, ýolda Kengan topragynda ejeň pahyr aradan çykypdy+. Efrata+ çenli ep-esli aralyk bolansoň, ony Efratyň, ýagny Beýtullahamyň+ ýolunda jaýladym» diýdi.
8 Ysraýyl Ýusubyň ogullaryny görüp: «Bular kim?» diýip sorady. 9 Ýusup: «Meniň ogullarym, kaka. Hudaý olary maňa şu ýurtda berdi»+ diýip jogap berdi. Şonda Ysraýyl: «Hany, golaýragyma getir, olara ak pata bereýin»+ diýdi. 10 Garrylykdan ýaňa Ysraýylyň gözi kütelipdi, hiç zat saýgarmaýardy. Ýusup ogullaryny kakasynyň ýanyna eltdi. Ol hem agtyklaryny gujaklap ogşady. 11 Ysraýyl Ýusuba: «Balam, seni gaýdyp görmerin öýdüpdim+. Ýöne seret, Hudaý maňa ogullaryňy-da görkezdi» diýdi. 12 Ýusup ogullaryny Ysraýylyň ýanyndan* gyra çekip, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi.
13 Soňra iki ogluny-da kakasy Ysraýylyň ýanyna eltip, Efraýymy+ çep tarapynda, Manaşany+ sag tarapynda duruzdy. 14 Emma Ysraýyl sag elini Efraýymyň başyna, çep elini bolsa Manaşanyň başyna goýdy. Ol Manaşanyň ulusydygyny we Efraýymyň kiçisidigini bilse-de, şeýle etdi+. 15 Ysraýyl Ýusuba ak pata berip+:
«Atam Ybraýymyň, kakam Yshagyň sygynan hak Hudaýy+,
Şu wagta çenli meni goldap gelen* hak Hudaý+,
16 Perişdesini iberip, ähli bela-beterlerden dyndyran Alla+,
Goý, ogullaryňa ak pata bersin+.
Ogullaryň ady meniň we atalarym Ybraýymyň,
Yshagyň ady bilen tutulsyn.
Köpelip, çar tarapa ýaýrasynlar»+ diýdi.
17 Ýusup kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýanyny halamady. Ol kakasynyň sag elini Efraýymyň başyndan aýryp, Manaşanyňka goýjak boldy. 18 Ýusup: «Kaka, uly oglum bärde+, sag eliňi muňa goý» diýdi. 19 Emma Ysraýyl: «Bilýärin, oglum, bilýärin. Ol ogluňdan hem halk dörär, ol beýik halk bolar. Ýöne inisinden has beýik halk dörär+, nesliniň sany-sajagy bolmaz»+ diýdi. 20 Ysraýyl olara ýene-de ak pata berip+, şeýle diýdi:
«Adyňyz dilden düşmesin,
Goý, Ysraýyl ogullary ak pata berende:
„Hudaý seni Efraýym bilen Manaşa ýaly etsin!“ diýsin».
Şeýdip, ol Efraýymy Manaşadan öňe geçirdi.
21 Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Oglum, men-ä indi demimi sanap ýatyryn+. Ýöne Hudaý elmydama ýanyňyzda bolar, sizi ýene-de ata-babalaryňyzyň ýurduna elter+. 22 Saňa beýleki ogullarymdan artyk mülk berýärin. Ony gylyjym hem ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi.