Zebur
104 Eý janym, Ýehowa alkyş aýt!+
Ýehowa Hudaýym, sen örän beýik!+
Hormata we şan-şöhrata eýesiň+.
3 Hudaýyň ýokarky otaglary bulutlaryň üstünde+.
Ol bulutlary araba edip münýär+,
Ýeliň ganatlarynda aýlanýar+.
4 Perişdelerini ýel ýaly güýçli edýär,
Hyzmatkärlerini lowlap ýanýan ot ýaly edýär+.
6 Deňzi don kimin zeminiň egnine atdyň+,
Suwlar bilen daglaryň üstüni örtdüň.
7 Sen käýäniňde, suwlar yza çekildi+,
Haýbatly sesiňden gorkup gaçdy.
8 Daglar ýokary galdy+, jülgeler aşak çökdi,
Suwlar buýran ýeriňe akdy.
9 Suwlar dolup-daşmaz ýaly,
Ýer ýüzüni örtmez ýaly çäk goýduň+.
10 Ol jülgelerden suw akdyrýar,
Daglaryň arasyndan çeşme akdyrýar.
11 Haýwanlary suwa ýakýar,
Gulanlary suwdan gandyrýar.
12 Ol ýerde guşlar höwürtge ýasaýar,
Gür ýaprakly şahalarda saýraýar.
13 Hudaý ýokarky otaglaryndan daglary suwarýar+,
Elleri bilen ýer ýüzüne bol bereket berýär+.
14 Mal-gara üçin ot çykarýar,
Adamlara gök önüm berýär+,
Ýerden hasyl öndürýär.
Ýüzüňi nurlandyrýan ýagy,
16 Ýehowa agaçlaryny suwdan gandyrýar,
Eli bilen eken Liwanyň kedr agaçlaryny suwarýar.
17 Olarda guşlar höwürtge ýasaýar,
Leglek+ arçalarda öý gurýar.
20 Garaňkylyk aralaşýar, gije düşýär+,
Jeňňeliň ähli haýwanlary oýanýar.
22 Gün al-asmana galýar,
Haýwanlar hinine girýär.
23 Ynsan işe başlaýar,
Gün ýaşýança zähmet çekýär.
24 Eý Ýehowa, seniň işleriň köpdür!+
Ähli zady akyldarlyk bilen ýaratdyň+,
Ýer ýüzi elleriň işlerinden doludyr.
25 Deňze seret, ol şeýle uly hem çuň,
Içinde birgiden ululy-kiçili jandarlar bar+.
27 Wagtly-wagtynda iýmit berersiň+ diýip,
Olaryň bary saňa garaşýar.
28 Bereniňi iýýärler+,
Eliňi açýarsyň, näz-nygmatdan doýýarlar+.
29 Ýüzüňi sowsaň, howsala düşýärler,
Janyny* alsaň, gara topraga siňýärler+.
31 Ýehowanyň şan-şöhraty ebedilik dowam eder,
Ýehowa elleriniň işlerinden lezzet alar+.
32 Ol seredende, ýer sandyraýar,
Daglara elini degrende, asmana tüsse galýar+.
34 Goý, oý-pikirim Hudaýyň göwnünden tursun!*
Men Ýehowanyň işlerine şatlanaryn.
35 Günäkärler ýer ýüzünden sogrular,
Erbetler ýok bolup gider+.
Eý janym, Ýehowa alkyş aýt! Ýaha alkyş aýt!*