Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 4
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Kabyl bilen Habyl (1—16)

      • Kabylyň nesli (17—24)

      • Şis we ogly Enoş (25, 26)

1 Musa 4:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 1:28
  • +1Ýh 3:10—12; Ýhd 11

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 10, 11

1 Musa 4:2

Parallel aýatlar

  • +Mat 23:35

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 10—12

1 Musa 4:3

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 16

1 Musa 4:4

Parallel aýatlar

  • +2Ms 13:12
  • +Ýew 11:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 17—19

    «Garawul diňi»,

    15/5/2015, sah. 20

    «Iman», sah. 14

1 Musa 4:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 16, 17

    «Iman», sah. 16

1 Musa 4:7

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: seni beýgeltmerinmi?

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/4/2014, sah. 28

1 Musa 4:8

Parallel aýatlar

  • +Mat 23:35; 1Ýh 3:10—12; Ýhd 11

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 16

1 Musa 4:10

Parallel aýatlar

  • +Ýew 12:24

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 7/2021, sah. 5

    «Hudaýyň söýgüsi», sah. 74, 75

1 Musa 4:11

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Bu toprak agzyny açyp, seniň eliňden ölen doganyň ganyny ýuwudany üçin.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 9:5

1 Musa 4:14

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 127

1 Musa 4:16

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Gaçgaklaryň ýurdy.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 2:8

1 Musa 4:17

Parallel aýatlar

  • +1Ms 5:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 127

    «Garawul diňi»,

    8/2016, sah. 10

1 Musa 4:23

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 1/2020, sah. 4

1 Musa 4:24

Parallel aýatlar

  • +1Ms 4:15

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 1/2020, sah. 4

1 Musa 4:25

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: nesil.

  • *

    Ýa-da: belledi.

  • *

    Manysy: Bellenen; goýlan; berlen.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 4:8; Mat 23:35; Ýew 11:4
  • +1Ms 5:3; 1Tr 1:1

1 Musa 4:26

Parallel aýatlar

  • +1Ms 5:6; Luk 3:23, 38

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 19

Umumy salgylar

1 Mus. 4:11Ms 1:28
1 Mus. 4:11Ýh 3:10—12; Ýhd 11
1 Mus. 4:2Mat 23:35
1 Mus. 4:42Ms 13:12
1 Mus. 4:4Ýew 11:4
1 Mus. 4:8Mat 23:35; 1Ýh 3:10—12; Ýhd 11
1 Mus. 4:10Ýew 12:24
1 Mus. 4:111Ms 9:5
1 Mus. 4:161Ms 2:8
1 Mus. 4:171Ms 5:4
1 Mus. 4:241Ms 4:15
1 Mus. 4:251Ms 4:8; Mat 23:35; Ýew 11:4
1 Mus. 4:251Ms 5:3; 1Tr 1:1
1 Mus. 4:261Ms 5:6; Luk 3:23, 38
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
Mukaddes Kitap
1 Musa 4:1—26

Birinji Musa

4 Adam ata aýaly How enä ýanaşdy we ol göwreli boldy+. How ene Kabyly+ dünýä indirende: «Men Ýehowanyň kömegi bilen ogul dogurdym» diýdi. 2 Soňra ol ýene⁠-⁠de göwreli bolup, Kabylyň inisi Habyly+ dünýä indirdi.

Habyl goýun çopany, Kabyl bolsa daýhan bolup ýetişdi. 3 Aradan birnäçe wagt geçensoň, Kabyl topragyň hasylyndan Ýehowa gurban berdi. 4 Habyl bolsa sürüsinde ilkinji doglan guzularyň+ birnäçesini ýagy bilen gurban berdi. Ýehowa Habyldan hoşal bolup, gurbanlygyny+ kabul etdi. 5 Ýöne Hudaý Kabyldan hoşal bolmady, gurbanyny hem kabul etmedi. Kabylyň muňa gahary gelip, gaşyny çytdy. 6 Ýehowa Kabyla: «Näme beýle gaharlanyp, gaşyňy çytýaň? 7 Eger dogry ýola düşseň, senden hoşal bolmarynmy?* Päliňden gaýtmasaň, günä bosagada garawullap ýatyr. Ol seni penjesine düşürjek bolýar. Ýöne sen ondan üstün çykmalysyň» diýdi.

8 Şondan soň Kabyl inisi Habyla: «Ýör, açyk meýdana gideli» diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp öldürdi+. 9 Biraz wagtdan Ýehowa Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» diýip sorady. Kabyl: «Bilemok, men näme, onuň garawulymy?» diýdi. 10 Şonda Hudaý: «Edeniň näme? Eşidýäňmi, doganyň gany toprakdan perýat edýär+. 11 Sen gargyşa galdyň. Doganyň ganyna galanyň üçin*+, şu ýerden kowulýaň. 12 Indi näçe azap çekseň⁠-⁠de, toprakdan hasyl almarsyň. Ýer ýüzünde ykmanda hem gaçgak bolup ýaşarsyň» diýdi. 13 Kabyl hem Ýehowa: «Etmişimiň jezasy çekip⁠-⁠çydardan agyr. 14 Meni bärden kowýaň. Indi huzuryňda durup bilmerin. Ýer ýüzünde ykmanda hem gaçgak bolup ýaşaryn. Biri meni göräýse, hökman öldürer» diýdi. 15 Şonda Ýehowa: «Kim Kabyly öldürse, ondan ýedi gezek ar alnar» diýdi.

Hiç kim Kabyly öldürmez ýaly, Ýehowa bir alamat goýdy. 16 Kabyl Ýehowanyň huzuryndan gaýdyp, Erem bagynyň+ gündogaryndaky Nod ýurdunda* mesgen tutdy.

17 Kabyl aýalyna+ ýanaşdy, ol hem göwreli bolup, Idrisi dünýä indirdi. Soňra Kabyl şäher gurup başlady. Ol şähere ogly Idrisiň adyny dakdy. 18 Aradan birnäçe wagt geçensoň, Idrisden Yrat doguldy. Yratyň Mehujaýyl, Mehujaýylyň Metuşaýyl, Metuşaýylyň bolsa Lemek diýen ogly boldy.

19 Lemek iki aýal aldy. Biriniň ady Ada, beýlekisiniňki Zilady. 20 Adanyň Ýabal diýen ogly boldy. Ýabal çadyrda ýaşap, maldarçylyk bilen meşgullanan ilkinji adamdy. 21 Inisiniň ady Ýuwaldy. Ol arfa we tüýdük çalyp başlan ilkinji adamdy. 22 Zila bolsa Tubalkabyly dünýä indirdi. Tubalkabyl misden we demirden her dürli gurallary ýasardy, uýasynyň ady Nagymaýdy. 23 Lemek aýallary Ada bilen Zila bagyşlap şeýle goşgy düzdi:

«Eý Lemegiň aýallary, diňläň!

Sözüme gulak asyň.

Men özümi ýaralany,

Meni uran ýigidi öldürdim.

24 Kabyl üçin 7 gezek ar alynsa+,

Lemek üçin 77 gezek ar alnar».

25 Adam ata ýene⁠-⁠de aýalyna ýanaşdy we ol bir ogul dünýä indirdi. How ene: «Kabylyň elinden ölen Habylyň+ deregine, Hudaý maňa başga bir ogul* berdi*» diýip, adyna Şis*+ dakdy. 26 Şisiň hem ogly boldy. Ol ogluna Enoş+ diýip at goýdy. Şol wagtlar adamlar Ýehowanyň adyny çagyryp başladylar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş