Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/4 sah. 27—31
  • Siz Ýehowanyň gözegçilik edýändigine minnetdarmysyňyz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz Ýehowanyň gözegçilik edýändigine minnetdarmysyňyz?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA DUÝDURÝAR
  • ÝEHOWA DÜZEDIŞ BERÝÄR
  • PEÝDALY PRINSIPLER
  • YNAMDAR DOSTUMYZ
  • ÝEHOWA SYLAGLAÝAR
  • Maslahata gulak asyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýehowanyň bizi söýýändigi nämeden görünýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Ýehowanyň «gabaklary» ähli adamlary barlaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Gökdäki Atamyz Ýehowa bizi güýçli söýýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/4 sah. 27—31

Siz Ýehowanyň gözegçilik edýändigine minnetdarmysyňyz?

«Rebbiň gözleri hemme ýerde bolup, ýamany we ýagşyny synlaýandyr». SÜL. TYM. 15:3

ESASY PIKIRLERI ÝATLALYŇ

  • Ýehowa bizi näme üçin synlaýar?

  • Biz Ýehowadan nädip duýduryş, düzediş we görkezme alýarys?

  • Ýehowa biziň ejir çekmegimize näme üçin ýol berýär?

1, 2. Ýehowanyň syn edişi gözegçilik kamerasyndan nämede tapawutlanýar?

KÖP döwletlerde dükanlarda gözegçilik kamerasy goýulýar. Bu dükanyň eýesine alyjylary synlamaga we edilýän ogurlyklary görmäge kömek edýär. Şeýle-de kameradaky ýazgynyň kömegi bilen ogrulyk eden adamy tutup bolýar. Kameralaryň giňden ulanylmagy ogrularyň niýetini amala aşyrmaklaryny kynlaşdyrýar.

2 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň gözleri «hemme ýerde» diýilýär (Sül. tym. 15:3). Eýsem, Hudaý adamyň ýalňyşlyklaryny görmek üçin syn edýärmi? Ol adama etmişi üçin temmi bermäge howlugýarmy? Elbetde, ýok! (Ýer. 16:17; Ýew. 4:13). Ýehowa bizi söýýändigi üçin syn edýär we Ol biziň howpsuz hem-de bagtly ýaşamagymyzy isleýär (1 Pet. 3:12).

3. Hudaý haýsy bäş sebäbe görä bize syn edýär?

3 Söýgüli Hudaýymyzyň gözegçilik edişine minnetdar bolmaga näme kömek eder? Şu makalada Ýehowanyň haýsy bäş sebäbe görä bize syn edýändigine serederis. 1. Ýehowa erbetlik etmezligimiz üçin öňünden duýdurýar. 2. Erbet ýola düşsek, düzediş berýär. 3. Mukaddes Ýazgylar arkaly görkezme berýär. 4. Dürli synaglaryň hötdesinden gelmäge kömek edýär. 5. Ýagşy işlerimizi görüp, bizi sylaglaýar.

ÝEHOWA DUÝDURÝAR

4. Ýehowa näme üçin Kabyla «günä bosagada peýläp ýatyr» diýdi?

4 Geliň, ilki bilen, biziň erbetlik etmezligimiz üçin, Ýehowanyň öňünden nädip duýdurýandygyna seredeliň (1 Ýyl. 28:9). Meselem, Ýehowa Kabylyň sadakysyny kabul etmände, onuň «muňa gaty gahary geldi» (Gelip çykyş 4:3—7-nji aýatlary okaň)a. Ýehowa Kabyla «nädogry iş etse, günäniň bosagada peýläp ýatandygyny» aýdýar. Hudaý oňa: «Sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!» diýdi. Eger Kabyl duýduryşa seslenen bolsa, Ýehowanyň razylygyny gazanardy.

5. Ýehowa biziň erbet endiklerimizi görmäge nädip kömek edýär?

5 Şu günler Ýehowa nädip duýdurýar? Ýehowa ýürekleri görýär, Ondan oý-pikirleriňi we niýetdir höwesleriňi gizläp bolmaýar. Söýgüli Atamyz biziň dogry ýoldan ýöremegimizi isleýär, ýöne Ol bizi mejbur etmeýär. Erbet ýola düşsek, Ol bize Mukaddes Ýazgylar arkaly duýduryp kömek edýär. Nädip? Biz Hudaýyň Sözüni her gün okasak, ten höweslerini we erbet endikleri ýeňip bileris. Belki-de, biz käbir kynçylyklar bilen göreşýändiris. Edebiýatlarymyzy yzygider okasak, şeýle kynçylyklaryň nädip hötdesinden gelip bolýandygyny bileris. Ýygnak duşuşyklarynda bolsa, gerekli maslahatlary tüýs wagtynda eşidýäris!

6, 7. a) Ýehowa gullukçylarynyň aladasyny edýändigini nädip görkezýär? b) Hudaýyň duýduryşlary peýdaly bolar ýaly näme etmeli?

6 Ýehowanyň duýduryşlary Onuň çuňňur söýgüsini görkezýär. Mukaddes Ýazgylar, oňa esaslanan edebiýatlar we ýygnak duşuşyklary millionlarça adamlara peýda getirýär. Ýehowa biziň erbet endiklerimizi taşlap, dogrulyk etmegimiz üçin berýän duýduryşlaryna ünsli bolmaga çagyrýar. Bu Ýehowanyň her birimiziň aýratynlykda aladamyzy edýändigini subut edýär.

Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsap howpdan gaça durmaga kömek edýär (6, 7-nji abzaslara serediň)

7 Hudaýyň duýduryşlary peýdaly bolar ýaly näme etmeli? Ilki bilen, Onuň ýürekden aladamyzy edýändigine düşünmeli we erbet endiklerimizi aýyrmaga jan etmeli (Işaýa 55:6, 7-nji aýatlary okaň)b. Biz berilýän duýduryşlara ünsli bolsak, özümizi köp betbagtçylykdan gorarys. Eger olara gulak asmasak näme? Ýehowa şonda-da aladamyzy edermi?

ÝEHOWA DÜZEDIŞ BERÝÄR

8, 9. Ýehowa imandaşlarymyz arkaly nädip aladamyzy edýär? Mysal getiriň.

8 Ýehowa düzediş berende, biz minnetdar bolmaly (Ýewreýler 12:5, 6-njy aýatlary okaň). Elbetde, düzedişi ýa-da maslahaty kabul etmek aňsat däl (Ýew. 12:11). Şol sebäpli maslahatyň näme üçin berilýändigi hakda oýlanmaly. Maslahat berýän adam biziň göwnümize degmek islemeýär. Ol biziň Ýehowa bilen dostlugymyzyň howp astyndadygyny görüp, muny Mukaddes Ýazgylar arkaly görkezmäge jan edýär. Munuň üçin ol wagtyny we güýjüni gaýgyrmaýar. Aslynda, şeýle maslahatlaryň Gözbaşy — Ýehowa.

9 Geliň, muny subut edýän bir waka seredeliň. Bir doganyň hakykata gelmänkä, pornografiýa görmek endigi bardy. Emma onuň köne endigi zordan köräp ýanýan kömür kimindi. Ol täze öýjükli telefon alanda, pornografiýa görmek höwesi ot ýaly tutaşýar (Ýakup 1:14, 15). Ol telefony arkaly Internetde pornografiýa görüp başlaýar. Bir gezek ol ýygnak ýaşulusy bilen wagyz edip ýörkä, öý salgylaryny tapmak üçin, oňa telefonyny berýär. Ýaşuly gerekli salgylary gözläp başlanda, şübheli Internet sahypalaryna gözi düşýär. Bu ýagdaý ruhy taýdan howp astyna düşen doganymyz üçin uly bereket boldy. Oňa gerekli maslahatlar berildi we ol düzedişleri kabul edip, ýaramaz endigini taşlady. Biz gizlin günäleri görýän we wagtynda düzediş berýän gökdäki Atamyza örän minnetdardyrys!

PEÝDALY PRINSIPLER

10, 11. a) Biz Hudaýyň görkezmesini nädip agtaryp bileris? b) Bir maşgala Ýehowanyň görkezmesine eýermegiň paýhaslydygyna nädip göz ýetirdi?

10 Mezmurçy Ýehowa: «Sen öwüdiň bilen maňa ýol görkezersiň, soňra şöhrata ýetirersiň» diýip nagma aýtdy (Zeb. 73:24). Mukaddes Ýazgylar bize Ýehowany «tanamaga», ýagny Onuň garaýşyny bilmäge kömek edýär. Ondaky prinsipler diňe bir ruhy taýdan däl, eýsem, maddy taýdan hem kömek edýär (Sül. tym. 3:6).

11 Geliň, bir waka seredeliň. Daýhan doganymyz uly maşgalasy bilen Filippiniň daglyk ýerinde kireýine tutan jaýynda ýaşaýardy. Ol aýaly bilen umumy pioner bolup gulluk edýär. Bir gün olara ýaşaýan jaýyny boşatmalydygyny aýdýarlar. Näme üçin? Olary ýalançylykda aýyplap, töhmet atdylar. Doganymyz nirede ýaşamalydygy barada biraz aladalansa-da, Ýehowa bil baglap, şeýle diýdi: «Ýehowa aladamyzy eder. Ol hemişe-de biziň zerurlyklarymyzy kanagatlandyrýardy». Birnäçe gün geçenden soňra, ýeriň hojaýyny olara galmaga rugsat berýär. Näme bolduka? Bu maşgala aýyplamalara garamazdan, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerip, özlerini mynasyp alyp bardylar. Ýeriň hojaýyny muny görüp, olara diňe bir galmaga rugsat bermän, eýsem, goşmaça mellek hem berdi (1 Petrus 2:12-ni okaň). Hawa, eger biz Ýehowa bil baglap, Onuň görkezmesine eýersek, kynçylyklara döz geleris.

YNAMDAR DOSTUMYZ

12, 13. Haýsy ýagdaýlarda Hudaýyň aladamyzy edýändigine ynanmak kyn bolýar?

12 Käte kynçylyklar uzaga çekip biler. Belki-de, biz dowamly keselden ejir çekýändiris ýa-da maşgala agzalarymyz tarapyndan garşylyklara we yzarlamalara sezewar bolýandyrys. Ýa-da ýygnakda kimdir biri bilen düşünişmän biynjalyklanýarysmy?

13 Megerem, dogan-uýalardan biri siziň göwnüňize degendir. Şonda siz: «Hudaýyň guramasynda-da şeýle zatlar bolarmy?!» diýýänsiňiz. Oňa bolsa, ýygnakda jogapkärli ýumuşlar tabşyrylyp, ol hakda gowy seslenýärler. Siz bolsa geň galyp: «Heý, şeýle-de zat bolarmy? Ýehowa muny görmeýärmikä? Ol çäre görmezmi?» ýaly soraglary berýänsiňiz (Zeb. 13:1, 2; Hab. 1:2, 3).

14. Ýehowa kynçylyga näme üçin ýol bermegi mümkin?

14 Käte Ýehowa wajyp sebäplere görä, kynçylyklaryň öňüni almaýar. Meselem, biz kimdir biriniň beren maslahatyny ýerliksiz hasaplap, göwnümize alýandyrys. Emma Ýehowanyň muňa başgaça garamagy mümkin. Belki, maslahatyň ýerlikli tarapy-da bardyr? Geliň, Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Karl Kleýn doganymyz bilen bolan waka seredeliň. Bir gezek J. F. Ruterford doganymyz oňa käýinç berende, ol öýke-kine edýär. Soňra Ruterford oňa şähdaçyklyk bilen salam berýär, emma Kleýn zordan onuň salamyny alýar. Şonda Ruterford onuň henizem öýkesiniň ýazylmandygy duýup, oňa Iblisiň duzagyna düşmekden ägä bolmagy maslahat berýär. Bu maslahat Kleýne kömek etdi we ol şeýle ýazdy: «Eger biz, esasan-da, jogapkär dogan ýerlikli maslahat berende, öýke-kine etsek, Iblisiň duzagyna düşeris»c.

15. Kynçylyklara uçranymyzda nämäni unutmaly däl?

15 Kynçylyklar uzaga çekse, biziň sabyr-takadymyz ýetmezligi mümkin. Şeýle ýagdaýda näme etse bolar? Aýdaly, siz ulagly bir ýere barýarsyňyz. Siz ulaglaryň köplügi sebäpli dyknyşykda galdyňyz we munuň näçe wagt dowam etjekdigini bilmeýärsiňiz. Siz sabyrly bolman gaharlanyp, başga ýol agtarsaňyz, onda azaşmagyňyz ýa-da barjak ýeriňize gijä galmagyňyz mümkin. Şonuň ýaly-da, siz Hudaýyň Sözünden sowulman ondaky prinsiplere eýerseňiz, Ýehowa size kömek eder.

16. Ýehowa kynçylyklaryň uzaga çekmegine näme üçin ýol berýär?

16 Ýehowa kynçylyklaryň uzaga çekmegine ýol berip, bizi terbiýelemek isleýär (1 Petrus 5:6—10-njy aýatlary okaň). Ýöne betbagtçylyga uçranymyzda Ýehowany günäkärlesek nädogry bolardy (Ýakup 1:13). Köp kynçylyklara «ýagymyz bolan iblis» günäkärdir. Hudaý kynçylyklar arkaly bize ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Gamhorymyz Ýehowa çekýän horluklarymyzy görýär we olaryň «az wagtlaýyndygyna» ynandyrýar. Şol sebäpli Ýehowanyň aladamyzy edip, kynçylyklara döz gelmäge kömek etjekdigine şübhelenmäliň! (2 Kor. 4:7—9).

ÝEHOWA SYLAGLAÝAR

17. Ýehowa näme üçin ýürekleri barlaýar?

17 Ýehowa ýürekleri barlaýar we Özüni söýýänleri tanaýar. Muny Hanany pygamberiň Asa patyşa aýdan şu sözlerinden görse bolýar: «Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär» (2 Ýyl. 16:9). Ýehowa Asanyň bütin ýüregi bilen bil baglamaýandygyny gördi. Hudaý diňe dogrulyga berk ýapyşýan gullukçylaryna «güýç-kuwwat berýär».

18. Ýagşy işlerimiziň gadyry bilinmese nämäni unutmaly däl? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

18 Biz Hudaýyň merhemetini gazanmak üçin «ýagşylygy agtarmaly», «ýagşylygy söýmeli» we «ýagşylyk etmeli» (Amos 5:14, 15; 1 Pet. 3:11, 12). Ýehowa dogry adamlara üns berýär we olara berekedini eçýär (Zeb. 34:15). Şipra we Puga atly ýewreý göbek enelerini ýada salalyň. Olar Müsür fyrownyň buýrugyna garamazdan, ýewreýleriň ogul bäbeklerini öldürmediler, çünki Hudaýdan gorkýardylar. Şeýle etmäge olary ynsaby höweslendiren bolmaly. Ýehowa olaryň ýagşy işlerine nazar saldy we «olara uly maşgala berdi» (Müs. çyk. 1:15—17, 20, 21). Hawa, biziň edýän ýagşy işlerimizi hiç kim görmese-de, Ýehowa görýär we Ol bizi sylaglar (Mat. 6:4, 6; 1 Tim. 5:25; Ýew. 6:10).

19. Ýehowanyň wagyzda edýän tagallamyzy sylaglaýandygyny näme görkezýär?

19 Awstriýada gulluk edýän wengriýaly bir uýa wagyzda edýän tagallamyzy Ýehowanyň sylaglaýandygyna göz ýetirdi. Oňa wenger dilinde gepleýän aýaly idemegi haýyş edýärler. Uýamyz salgyny alan badyna şol ýere gidýär, emma näçe gezek barsa-da, hiç kimi tapmaýar. Ol öýde kimdir biriniň bardygyny duýýardy, ýöne oňa jogap beren bolmady. Şol sebäpli uýamyz hat ýazyp, edebiýat we habarlaşmak üçin telefon belgisini galdyrýar. Aradan bir ýarym ýyl wagt geçende, uýamyz ol ýere ýene-de barýar we gapyny bir mylakatly aýal açýar. Uýamyz oňa salam berende, ol: «Geliň, geçiberiň! Men siziň ýazan hatyňyzy we goýup giden edebiýatyňyzy okap, size garaşdym» diýýär. Bu aýal himiki dermanlar arkaly bejergi alandygy sebäpli, adamlar bilen görşüp bilmeýärdi. Netijede, ol uýamyz bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Hawa, Hudaý uýamyzyň yhlasyny sylaglady!

20. Biz Ýehowanyň synlaýandygyna nähili garaýarys?

20 Ýehowa gullukçylarynyň ýagşy işlerini görýär we olary sylaglaýar. Biz Ýehowanyň synlaýandygyny bilsek-de, özümizi gözegçilik kamerasyna düşürilýän ýaly duýmaýarys. Gaýtam, bu bizi ýürekden aladamyzy edýän Ýehowa ýakynlaşdyrýar.

a Gelip çykyş 4:3 Birnäçe wagtdan soň Kabyl topragyň miwesinden Rebbe sadaka getirdi. 4 Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň ýagly ýerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi. 5 Emma Reb Kabyly we onuň sadakasyny kabul etmedi. Kabylyň muňa gaty gahary gelip, ol ýüzüni sallady. 6 Reb Kabyla şeýle diýdi: «Näme üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi sallaýarsyň? 7 Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň ahyryn? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!»

b Işaýa 55:6 Rebbi tapylýarka, agtaryň, ýakyndaka, çagyryň. 7 Pisler öz ýollaryndan, Erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.

c K. Kleýn doganymyzyň terjimehaly 1984-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňi» (iňl.) žurnalynda çap edildi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş