Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýermeýa 37
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ýermeýa kitabynyň mazmuny

      • Haldeýler wagtlaýynça yza çekilýär (1—10)

      • Ýermeýa tussag edilýär (11—16)

      • Sadykýar Ýermeýany çagyrýar (17—21)

        • Ýermeýa çörek berýärler (21)

Ýermeýa 37:1

Çykgytlar

  • *

    Şeýle⁠-⁠de oňa Ýehoýakyn we Ýehonyýa diýilýär.

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezar. Başgaça aýdylyşy.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 24:12; Ýer 22:24
  • +2Pa 24:17—19; 1Tr 3:15
  • +2Tr 36:10—12

Ýermeýa 37:3

Parallel aýatlar

  • +Ýer 38:1, 4
  • +2Pa 25:18, 21; Ýer 21:1, 2; 29:25

Ýermeýa 37:4

Parallel aýatlar

  • +Ýer 37:15

Ýermeýa 37:5

Parallel aýatlar

  • +Hyz 17:15
  • +Ýer 34:21

Ýermeýa 37:7

Parallel aýatlar

  • +Ýer 17:5; Agy 4:17; Hyz 17:17

Ýermeýa 37:8

Parallel aýatlar

  • +Ýer 32:29; 34:22; 39:8

Ýermeýa 37:10

Parallel aýatlar

  • +Ýer 21:4

Ýermeýa 37:11

Parallel aýatlar

  • +Ýer 34:21

Ýermeýa 37:12

Parallel aýatlar

  • +Ýer 1:1

Ýermeýa 37:15

Parallel aýatlar

  • +Ýer 26:11; 38:4
  • +Ýer 20:2; Ýew 11:32, 36

Ýermeýa 37:17

Parallel aýatlar

  • +Ýer 38:14
  • +Ýer 21:7; 24:8; 34:21; Hyz 12:12, 13

Ýermeýa 37:19

Parallel aýatlar

  • +Ýer 14:13; 23:16, 17; 27:14; 28:1, 2; Agy 2:14

Ýermeýa 37:20

Parallel aýatlar

  • +Ýer 37:15
  • +Ýer 26:15; 38:8, 9

Ýermeýa 37:21

Parallel aýatlar

  • +Neh 3:25; Ýer 32:2; 33:1; 38:13, 28
  • +2Pa 25:3; Ýer 38:9
  • +1Pa 17:6

Umumy salgylar

Ýer. 37:12Pa 24:12; Ýer 22:24
Ýer. 37:12Pa 24:17—19; 1Tr 3:15
Ýer. 37:12Tr 36:10—12
Ýer. 37:3Ýer 38:1, 4
Ýer. 37:32Pa 25:18, 21; Ýer 21:1, 2; 29:25
Ýer. 37:4Ýer 37:15
Ýer. 37:5Hyz 17:15
Ýer. 37:5Ýer 34:21
Ýer. 37:7Ýer 17:5; Agy 4:17; Hyz 17:17
Ýer. 37:8Ýer 32:29; 34:22; 39:8
Ýer. 37:10Ýer 21:4
Ýer. 37:11Ýer 34:21
Ýer. 37:12Ýer 1:1
Ýer. 37:15Ýer 26:11; 38:4
Ýer. 37:15Ýer 20:2; Ýew 11:32, 36
Ýer. 37:17Ýer 38:14
Ýer. 37:17Ýer 21:7; 24:8; 34:21; Hyz 12:12, 13
Ýer. 37:19Ýer 14:13; 23:16, 17; 27:14; 28:1, 2; Agy 2:14
Ýer. 37:20Ýer 37:15
Ýer. 37:20Ýer 26:15; 38:8, 9
Ýer. 37:21Neh 3:25; Ýer 32:2; 33:1; 38:13, 28
Ýer. 37:212Pa 25:3; Ýer 38:9
Ýer. 37:211Pa 17:6
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
Mukaddes Kitap
Ýermeýa 37:1—21

Ýermeýa

37 Ýehoýakymyň ogly Konyýanyň*+ ýerine Ýoşyýanyň ogly Sadykýar+ höküm sürüp başlady. Sadykýary Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* Ýahuda patyşa edip belläpdi+. 2 Emma onuň özi⁠-⁠de, hyzmatkärleri⁠-⁠de, halk⁠-⁠da Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözlerine gulak asmady.

3 Sadykýar patyşa Selimýaryň ogly Ýehukaly+ we Maseýa ruhanynyň ogly Sepanýany+ Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberip: «Biziň üçin Hudaýymyz Ýehowa doga et» diýip aýtmagy tabşyrdy. 4 Ýermeýa il⁠-⁠günüň arasynda arkaýyn ýaşaýardy. Sebäbi ol heniz tussag edilmändi+. 5 Şol wagt faraonyň goşuny Müsürden çykyp, ýola düşdi+. Iýerusalimi gaban haldeýler muny eşidip, yza çekildiler+. 6 Şonda Ýehowa Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: 7 «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sizi meniň ýanyma iberen, menden maslahat soran Ýahuda patyşasyna şeýle diýiň: „Size kömege gelýän faraonyň goşuny ýurduna, Müsüre dolanar+. 8 Haldeýler yzyna gelip, şähere garşy söweşer, şäheri eýelär, otlar“+. 9 Ýehowa şeýle diýýär: „Siz: „Haldeýler yzyna gelmezler“ diýip, özüňizi aldamaň. Olar hökman yzyna gelerler. 10 Siz haldeýleriň ähli goşunyny derbi⁠-⁠dagyn etseňiz⁠-⁠de, diňe agyr ýaralanan esgerlerini galdyrsaňyz⁠-⁠da, olar şonda⁠-⁠da çadyrlaryndan çykyp, şäheri otlarlar“»+.

11 Haldeýleriň goşuny faraonyň goşuny sebäpli Iýerusalimden yza çekilende+, 12 Ýermeýa il bilen deň hatarda ýer paýyny almak üçin, Iýerusalimden Benýamin topragyna+ ýola düşdi. 13 Emma ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Selimýaryň ogly Eriýa atly garawullaryň baştutany Ýermeýa pygamberi tutup: «Sen haldeýleriň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýdi. 14 Ýermeýa: «Ýalan aýdýarsyň. Men haldeýleriň tarapyna geçjek bolamok» diýdi. Emma Eriýa Ýermeýany diňlemedi, ony tutup hanlaryň ýanyna getirdi. 15 Hanlar gahar⁠-⁠gazaba münüp, Ýermeýany+ ýençdiler we Ýehonatan kätibiň jaýynda gabadylar+. Sebäbi onuň jaýyny zyndan edipdiler. 16 Ýermeýany zyndanyň ýerzeminine taşladylar. Ol ençeme günläp şol ýerde boldy.

17 Sadykýar patyşa onuň ýanyna adam ýollady we köşgüne getirdip, gizlinlikde soraga tutdy+. Patyşa: «Ýehowa bir zat aýtdymy?» diýip sorady. Ýermeýa: «Hawa, aýtdy!» diýip jogap berdi. Ol sözüni dowam edip: «Sen Wawilon patyşasynyň eline tabşyrylarsyň!»+ diýdi.

18 Soňra Ýermeýa Sadykýar patyşa şeýle diýdi: «Meni zyndana salar ýaly, saňa, hyzmatkärleriňe we halka garşy näme günä edipdirin? 19 „Wawilon patyşasy ýurduň üstüne çozmaz“ diýen pygamberleriň hany?+ 20 Patyşahym, haýyş edýärin, meni diňle! Ýalbarýaryn, haýyşymy ýerine ýetir. Meni Ýehonatan kätibiň öýüne indi iberme+, ýogsam ol ýerde ölerin»+. 21 Sadykýar patyşa Ýermeýany Garawulhananyň howlusynda+ saklamagy buýurdy. Şäherde çörek gutarýança+, her gün çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermegi tabşyrdy+. Şeýlelikde, Ýermeýa Garawulhananyň howlusynda galdy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş