Mikaý
Ýehowanyň öýüniň duran dagy+,
Ähli daglardan belentde durar,
Ol baýyrlardan hem beýik bolar,
Ähli halklar oňa tarap eňerler+.
2 Köp milletler gelip, şeýle diýerler:
«Geliň, Ýehowanyň dagyna çykalyň,
Ýakubyň Hudaýynyň öýüne baralyň+.
Ol bize öz ýollaryny öwreder,
Biz onuň ýodalaryndan ýöräris».
Sebäbi kanun Siondan,
Ýehowanyň sözi Iýerusalimden çykar.
Olar gylyçlaryndan azallar,
Naýzalaryndan oraklar ýasarlar+.
Millet millete garşy gylyç galdyrmaz,
Indi söweşmegi öwrenmezler+.
4 Olar üzüm we injir agaçlarynyň saýasynda oturarlar+.
Olary hiç kim gorkuzyp bilmez+.
Sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa söz berdi.
5 Ähli halklar öz taňrylarynyň ady bilen ýörär.
Biz bolsa elmydama we ebedilik
Hudaýymyz Ýehowanyň ady bilen ýöräris+.
6 Ýehowa şeýle diýýär:
«Şol gün agsaklaýan,
Dargadylan adamlary,
Agyr jeza beren halkymy bir ýere ýygnaryn+.
7 Agsaklaýan halkymy aman galdyraryn+.
Uzak ýurda sürgün edilen halkymy güýçli millet ederin+.
Ýehowa Sion dagynda,
Häzirem, gelejekde-de olara hökümdarlyk eder.
8 Eý sürimi garawullaýan diň,
Sion gyzynyň baýry!+
Sen ýene-de öňki ygtyýaryňa eýe bolarsyň+,
Iýerusalim gyzynyň patyşalygy yzyna berler+.
9 Sen näme üçin dady-perýat edýärsiň?
10 Eý Sion gyzy,
Çaga dogurýan aýal ýaly azap çekip gygyr.
Sebäbi sen şäherden çykyp, çölde ýaşarsyň.
11 Köp halklar jem bolup, saňa garşy çykar.
Olar: „Goý, ol masgara bolsun!
Sionyň haraba bolşuny gözümiz bilen göreliň“ diýer.
12 Ýöne olar Ýehowanyň pikirini bilmeýärler,
Onuň niýetine düşünmeýärler.
Ýaňy desselenen bugdaýyň harmana üýşürilişi deý,
Alla-da olary bir ýere ýygnar.
13 Eý Sion gyzy, tur, harmanda däne döw!+
Sebäbi seni demir şahly,
Mis toýnakly öküz kimin ederin.
Sen köp halklary kül-owram edersiň+.
Olaryň haram gazanjyny Ýehowa,
Emlägini ýer ýüzüniň Hojaýynyna bagyş edersiň»+.