Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/11 sah. 10—14
  • Bize sabyrly garaşmaga näme kömek eder?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bize sabyrly garaşmaga näme kömek eder?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MIKA PYGAMBERIŇ GÖRELDESI
  • HAÇANA ÇENLI GARAŞMALYDYGYMYZY HAÝSY WAKALAR GÖRKEZER?
  • ÝEHOWANYŇ SABYRLYLYGYNA NÄDIP MINNETDAR BOLMALY?
  • Mika pygamberden görelde alyň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Siz sabyrly garaşarmysyňyz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/11 sah. 10—14

Bize sabyrly garaşmaga näme kömek eder?

«Men Halasgär Hudaýyma bil baglaryn». MIKA 7:7

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

Mika pygamber sabyrly bolmakda nähili görelde galdyrdy?

Haçana çenli garaşmalydygymyzy haýsy wakalar görkezer?

Ýehowanyň sabyrlylygyna minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

1. Biziň näme üçin sabyrsyz bolmagymyz mümkin?

1914-NJI ÝYLDA Mesihi Patyşalyk berkarar bolanda, Şeýtanyň dünýäsiniň soňky günleri başlandy. Şonda gökde uruş turdy we Iblis hem-de onuň jynlary ýer ýüzüne zyňyldy (Ylham 12:7—9-njy aýatlary okaň). Indi Şeýtan «wagtynyň az» galanyny bilýär (Ylh. 12:12). Ýöne «wagt az» diýlenine eýýäm ýüz ýyl bolup barýar. Şol sebäpli käbirleri: «Soňky günler gaty uzaga çekdi» diýýändirler. Ýehowanyň höküm gününe garaşyp, biz hem sabyrsyz bolup başladykmy?

2. Şu makaladan näme bileris?

2 Sabyrsyz bolmaklyk howply, sebäbi ol adamy oýlanyşyksyz hereket etmäge iterip biler. Bize sabyrly bolmaga näme kömek eder? Muny bilmek üçin şu soraglara seredeliň: 1. Mika pygamber sabyrly bolmakda nähili görelde galdyrdy? 2. Haçana çenli garaşmalydygymyzy haýsy wakalar görkezer? 3. Ýehowanyň sabyrlylygyna nädip minnetdar bolup bileris?

MIKA PYGAMBERIŇ GÖRELDESI

3. Mikanyň döwründe ysraýyllylaryň ýagdaýy nähilidi?

3 Mika 7:2—6-njy aýatlary okaňa. Mika pygamber ysraýyllylaryň ruhy ýagdaýynyň pese düşendigini, zalym Ahaz patyşa höküm sürende bolsa, olaryň has-da erbetleşendigini gördi. Mika biwepa ysraýyllylary «tikene» we «tikenli germewe» meňzetdi. Tiken we tikenli germewiň golaýyna baranyňda awundyryşy ýaly, azgyn ysraýyllylar bilen iş salşan adam hem ejir çekýärdi. Azgynçylyk şeýle bir köpeldi welin, hatda maşgalalar hem dagaýardy. Mika bu ýagdaýy özüniň üýtgedip bilmejekdigine göz ýetirip, Ýehowa dogada ýüregini dökýär. Soňra bolsa Hudaýyň hereket etmegine sabyrlylyk bilen garaşýar. Mika pygamber Ýehowanyň muny öz wagtynda çözjekdigine ynanýardy.

4. Biz nähili kynçylyklara duş gelýäris?

4 Şu günler hem Mika pygamberiň döwründäki ýaly adamlar diňe özüni bilýär. Olaryň köpüsi «gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum, doňýürek» (2 Tim. 3:2, 3). Bizi işdeşlerimiziň, klasdaşlarymyzyň, goňşularymyzyň diňe özüni bilip hereket etmegi gynandyrýar. Ýöne Ýehowanyň käbir gullukçylary has agyr kynçylyklara duş gelýärler. Isa şägirtlerine maşgala agzalary tarapyndan hem garşylygyň boljakdygyny duýdurypdy. Ol Mika 7:6-daka meňzeş sözleri aýtdy: «Men ogly atasyndan, gyzy enesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim. Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar» (Mat. 10:35, 36). Ýehowa iman etmeýän maşgala agzalarymyzyň ýaňsylamalaryna we garşylyklaryna döz gelmek aňsat däl. Eger biz hem şeýle ýagdaýa duş gelsek, geliň, muňa ýan bermäliň! Gaýtam, Ýehowanyň şeýle kynçylyklary çözjekdigine sabyrly garaşyp, Oňa wepaly galalyň. Eger biz Ýehowadan kömek sorap, Oňa hemişe doga etsek, Ol kynçylyklara döz gelmek üçin akyldarlyk we güýç berer.

5, 6. Ýehowa Mika pygamberi nädip patalady, emma ol haýsy pygamberligiň ýerine ýetişini görüp bilmedi?

5 Ýehowa Mika pygamberi sabyrlylygy üçin patalady. Mika Ahaz patyşanyň we onuň zalym hökümdarlygynyň soňunyň geljekdigini aýtdy. Ol Ahazyň ogly Hizkiýanyň tagta çykyp, gowy hökümdar bolandygyny we hakyky seždäni dikeldendigini öz gözi bilen gördi. Şeýle-de aşurlylar Ysraýylyň demirgazyk patyşalygyny basyp alanda, Mika Samariýa garşy aýdan pygamberliginiň ýerine ýetendigine şaýat boldy (Mika 1:6).

6 Emma Mika Ýehowanyň aýdan pygamberlikleriniň ählisiniň amala aşandygyny görmedi. Meselem, ol şeýle pygamberlik etdi: «Şeýle günler geler, Rebbiň öýüniň duran dagy ähli daglardan belentde bolar, ähli baýyrlardan üstün bolar, halklar oňa tarap eňerler. Köp milletler gelip, şeýle diýerler: „Geliň, Rebbiň dagyna... çykalyň“» (Mika 4:1, 2). Mika pygamber bu sözleriň doly berjaý bolşuny görüp ýetişmedi. Emma ol daş-töweregindäki adamlardan tapawutlylykda, ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly galmagy ýüregine düwdi. Şoňa görä-de ol: «Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris» diýdi (Mika 4:5). Mika Ýehowanyň sözleriniň ählisiniň amala aşjakdygyna doly ynamy bolany üçin, kyn günlerde sabyrlylyk bilen garaşmagy başardy. Hawa, bu wepaly pygamber Ýehowa doly bil baglaýardy.

7, 8. a) Ýehowa bil baglamaga nähili degerli sebäp bar? b) Wagt duýdansyz geçip gider ýaly näme etmeli?

7 Biz hem Mika pygamber ýaly Ýehowa bil baglaýarysmy? Munuň üçin bizde degerli sebäp bar. Biz pygamberiň aýdan sözleriniň ýerine ýetişini öz gözümiz bilen görýäris. Dogrudan-da, şu soňky günlerde ähli milletlerden, taýpalardan we dillerden bolan millionlarça adamlar «Rebbiň dagyna tarap eňýärler». Olar öň bir-birine duşman bolsalar-da, indi «gylyçlaryndan azal ýasaýarlar we uruş tälimini almakdan» ýüz öwürýärler (Mika 4:3). Biz Ýehowanyň parahat halkynyň agzasy bolandygymyzy hormat saýmaly dälmi näme?!

8 Elbetde, biz Ýehowanyň bu zalym dünýäni tizräk ýok etmegini isleýäris. Emma sabyrly garaşmak üçin, Ýehowanyň garaýşyny kabul etmeli. Ol «Öz saýlan Adamy», ýagny Isa Mesih arkaly adamzadyň üstünden höküm çykarmak üçin gün belledi (Res. iş. 17:31). Şol gün gelmänkä, Allatagala ähli adamlaryň «hakykat bilimine ýetmegini», şoňa görä ýaşamagyny we gutulmagyny isleýär. Hawa, adamlaryň gymmatly jany howp astynda (1 Timoteos 2:3, 4-nji aýatlary okaň). Eger biz adamlara Hudaý barada hakykat bilimine ýetmäge kömek etsek, galan wagt çalt geçip gider. Bu dünýäniň soňy basym geler, hatda ony duýman galarys. Şonda biz Patyşalyk barada wagyz işi bilen meşgul bolanymyza diýseň begeneris!

HAÇANA ÇENLI GARAŞMALYDYGYMYZY HAÝSY WAKALAR GÖRKEZER?

9—11. 1 Selanikliler 5:3-däki sözler ýerine ýetdimi? Düşündiriň.

9 1 Selanikliler 5:1—3-nji aýatlary okaň. Tizden milletler: «Her zat parahatlyk, aman» diýerler. Eger-de biz şeýle habaryň aldawyna düşmejek bolsak, onda «oýa we hüşgär» bolmaly (1 Sel. 5:6). Ruhy taýdan oýa bolmak üçin, geliň, şu habardan öň boljak wakalara gysgaça seredeliň.

10 Iki sany Jahan urşundan soň, adamlar «parahatlyk» diýip yglan edipdi. Birinji Jahan urşundan soň, parahatlygy dikeltmek üçin Milletler ligasy döredildi. Ikinji Jahan urşundan soň bolsa, adamlar Birleşen Milletler Guramasyna bil baglap başladylar, çünki onuň parahatlyk getirjekdigine ynanýardylar. Hökümetler we dini ýolbaşçylar bu guramalaryň adamlary parahat şertlerde ýaşatjakdygyna umyt edýärdiler. Meselem, BMG 1986-njy ýyly «Halkara parahatçylyk ýyly» diýip yglan etdi. Şol ýyl halklaryň we dini ýolbaşçylaryň köpüsi katolik buthanasynyň baştutany bilen Italiýanyň Assizi şäherinde duşuşyp, parahatlyk babatda doga etdiler.

11 Ýöne bu habarlaryň hiç birisi 1 Selanikliler 5:3-däki «parahatlyk, aman» diýen pygamberligi ýerine ýetirmedi. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi pygamberlige görä, «birdenkä olaryň üstüne heläkçilik iner» diýilýär, emma bu beýle bolmady.

12. Biz «parahatlyk, aman» diýen habaryň yglan edilmegi babatda näme bilýäris?

12 «Parahatlyk, aman» diýen wajyp habary gelejekde kim yglan eder? Hristian dünýäsi we başga dini ýolbaşçylary muňa nähili ýardam eder? Hökümet ýolbaşçylary bu habara nähili gatnaşarlar? Mukaddes Ýazgylarda bu babatda hiç zat aýdylmaýar. Bu habar nädip yglan edilse-de we nähili ynandyryjy äheňde aýdylsa-da, biz onuň boş söz boljakdygyny anyk bilýäris. Bu dünýä Şeýtanyň goly astynda. Onuň düýbi çüýrük we ony indi düzedip bolmaýar. Şeýtanyň ýalan sözlerine ynanyp, bu dünýä goşulsak, gör, nähili gynançly bolar!

13. Perişdeler weýran ediji ýelleri näme üçin saklaýarlar?

13 Ylham 7:1—4-nji aýatlary okaň. Biz häzir 1 Selanikliler 5:3-däki sözleriň ýerine ýetmegine garaşýarys. Güýçli perişdeler uly muşakgatyň weýran ediji ýellerini saklaýarlar. Olar nämä garaşýarlar? Ýahýa resulyň aýtmagyna görä, «Hudaýyň gullaryna» gutarnykly möhür basylmalyb. Şol soňky möhür basylanda bolsa, perişdeler weýran ediji ýelleri goýbererler. Soňra näme bolar?

14. Beýik Babylyň soňunyň golaýlandygyny näme görkezýär?

14 Ýalan diniň dünýä imperiýasy Beýik Babyl adalatly ýok ediler. «Halklar, märekeler, milletler hem diller» oňa kömek edip bilmezler. Biz onuň soňunyň golaýlandygyny eýýäm görýäris (Ylh. 16:12; 17:15—18; 18:7, 8, 21). Muny habar beriş serişdelerinde dinleriň we dini ýolbaşçylaryň gitdigiçe köp paş edilýändiginden hem bilse bolýar. Muňa garamazdan, Beýik Babylyň ýolbaşçylary özlerini gaty arkaýyn duýýarlar. Gör, olar nähili ýalňyşýar! «Her zat parahatlyk, aman» diýlen badyna, syýasy guramalar ýalan dinlere topulyp, olary düýbünden ýok eder. Beýik Babyl gaýdyp hiç haçan döremez! Elbetde, şeýle wajyp wakalara sabyrlylyk bilen garaşanyňa degse gerek! (Ylh. 18:8, 10).

ÝEHOWANYŇ SABYRLYLYGYNA NÄDIP MINNETDAR BOLMALY?

15. Ýehowa näme üçin hereket etmäge howlukmaýar?

15 Adamlar Ýehowanyň adyna näçe töhmet atsalar-da, Ol öz wagtynda hereket etmek üçin sabyrly garaşýar. Ýehowa akýürekli adamlaryň hiç biriniň ýok edilmegini islemeýär (2 Pet. 3:9, 10). Biz hem şeýle pikirdemi? Ýehowanyň güni gelmänkä, biz Onuň sabyrlylygyna dürli ýollar bilen minnetdarlygymyzy görkezip bileris.

16, 17. a) Yhlasy gowşan wagyzçylara näme üçin kömek etmeli? b) Biz näme üçin olary Ýehowa dolanmaga höweslendirmeli?

16 Yhlasy gowşan wagyzçylara kömek ediň. Isa ýekeje ýiten goýnuň tapylandygy üçin gökde uly şatlyk bolýandygyny aýdypdy (Mat. 18:14; Luka 15:3—7). Ýehowanyň adyna söýgüsini görkezen käbir adamlar häzir oňa yhlasly gulluk etmeseler-de, Hudaý olaryň ýürekden aladasyny edýär. Biz şeýle adamlara ýygnaga dolanmaga kömek edenimizde, Ýehowany we perişdeleri begendirýäris.

17 Sen hem şu wagt yhlasy gowşan wagyzçylaryň birimi? Belki-de, ýygnakda biri seniň göwnüňe degendir, şol sebäpli Ýehowanyň guramasy bilen gatnaşygyňy goýansyň. Mümkin, şondan bäri birnäçe wagt geçendir, onda özüňe şeýle soraglary berip gör: «Meniň durmuşym manyly boldumy? Özümi bagtly duýýarynmy? Meniň göwnüme kim degdi: Ýehowamy ýa-da bikämil adam? Ýehowa Hudaý meni ynjadar ýaly heý bir zat etdimi?» Aslynda, Ýehowa biziň üçin hemişe peýdaly zatlary edýär. Biz özümizi Hudaýa bagyş edip, beren wadamyza görä ýaşamasak-da, Onuň berýän gowy zatlaryndan peýdalanýarys (Ýakup 1:16, 17). Tizden Ýehowanyň güni geler. Häzir gökdäki söýgüden doly Atamyza we ýygnaga dolanmagyň tüýs wagtydyr. Bu bolsa, soňky günlerde iň howpsuz ýerdir (Kan. tag. 33:27; Ýew. 10:24, 25).

18. Biz jogapkär doganlarymyzy näme üçin yhlasly goldamaly?

18 Jogapkär doganlary yhlasly goldaň. Ýehowa söýgüden doly Çopan kimin bize ýolbaşçylyk edýär we goraýar. Ol Ogluny süriniň Baş Çopany edip belledi (1 Pet. 5:4). Ýaşulular 100 müňden gowrak ýygnaklarda Hudaýyň her bir goýny barada alada edýärler (Res. iş. 20:28). Biz jogapkär doganlarymyzy yhlasly goldasak, Ýehowa we Isanyň biziň üçin eden ähli zatlaryna minnetdarlygymyzy görkezeris.

19. Biz bir-birimize nädip ýakynlaşmaly?

19 Biri-biriňize ýakynlaşyň. Bu nämäni aňladýar? Gowy türgenleşen goşuna duşman çozanda, esgerler bir-birine ýakyn durup, bir hatara düzülýärler. Şonda duşmanlara olary ýeňmek kyn bolýar. Şeýtan hem Hudaýyň halkyna bolan hüjümini gitdigiçe güýçlendirýär. Häzir bir-birimiz bilen söweşmegiň däl-de, biri-birimize ýakynlaşmagyň wagty. Şol sebäpli biz başgalaryň kemçiligine üns bermän, Ýehowanyň ýolbaşçylygyny wepaly goldamaly.

20. Biz häzir näme etmeli?

20 Geliň, ählimiz ruhy taýdan oýa we sabyrly bolalyň. «Her zat parahatlyk, aman» diýen habara we saýlananlara gutarnykly möhür basylýança sabyrly garaşalyň. Şondan soňra dört perişde weýran ediji ýelleri goýberer we Beýik Babyl ýok ediler. Bu ähmiýetli wakalar ýerine ýetýänçä, Ýehowanyň guramasynda jogapkär doganlaryň görkezmesine eýereliň. «Bir hatara» düzülip, Şeýtana we onuň jynlaryna garşy duralyň! Häzir mezmurçynyň: «Eý Rebbe umyt baglaýanlar, hemmäňiz batyr boluň, Ol siziň ýüregiňizi güýçlendirer» diýen sözlerine eýermegiň tüýs wagtydyr! (Zeb. 31:24).

[Çykgytlar]

a Mika 7:2 Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar. 3 Pis işe türgendir elleri, hökümdarlar, kazylar para soraýarlar, güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler. Adalaty ýoýýarlar şeýdip. 4 Iň gowusy tiken kimindir, iň dogruçyly tikenli germewden beterdir. Gözegçileriniň duýduryşy deý, olaryň jeza güni gelip ýetdi. Indi howsala düşýär olar. 5 Dostuňa ynanma, gardaşyňa bil baglama, gujagyňda ýatýan aýalyňyň ýanynda agzyňa bek bol. 6 Çünki ogly atasyny äsgermeýär, gyz enesine garşy gidýär, gelin gaýynenesiniň ýüzüni alýar, öz içeriňiz size duşmandyr.

b Birinji we gutarnykly möhüriň arasyndaky tapawudy bilmek üçin, 2007-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 30, 31-nji sahypalaryna serediň.

[10-njy sahypadaky surat]

[12-nji sahypadaky suratlar]

Mesihçiler yhlasy gowşan wagyzçylaryň Ýehowa dolanmagy üçin elinde baryny edýärler (16, 17-nji abzaslara serediň)

[14-nji sahypadaky surat]

«Bir hatara» düzülip, Şeýtana we onuň jynlaryna garşy duralyň! (19-njy abzasa serediň)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş