Nakyllar
2 Baý bilen garybyň bir meňzeşligi bar,
Olaryň ikisini-de Ýehowa ýaratdy+.
4 Pesgöwünli we Ýehowadan gorkýan ynsan,
Baýlygy, şöhraty we uzak ömri sylag alýar+.
5 Hilegäriň ýolunda tikenek we duzak bardyr,
Öz janyna haýpy gelýän olardan daşda durar+.
9 Jomart adamyň berekedi artýar,
Sebäbi çöregini garyp bilen paýlaşýar+.
10 Ýaňsylaýjyny kow, dawa-jenjel ýatar,
Goh-galmagaldan, kemsitmeden gulagyň dynar.
12 Ýehowa bilimi goraýar,
Dönügiň sözlerini puç edýär+.
13 Ýalta: «Daşarda arslan bar!
Köçä çyksam, meni öldürer!» diýýändir+.
14 Azgyn* aýalyň agzy guýy kimindir+,
Ýehowanyň höküm eden adamy oňa gaçýandyr.
17 Akyldaryň sözüni diňle, gulak as+,
Şonda bilimi ýüregiň bilen kabul edersiň+.
18 Olary gursagyňa guýsaň+,
Diliňden düşürmeseň janyňa hoş ýakar+.
19 Şu gün saňa köp zatlary öwretdim.
Olara eýerseň, Ýehowa bil baglarsyň.
20 Muny öň hem saňa ýazyp,
Maslahat, öwüt-ündew beripdim.
21 Saňa ynamdar we hak sözleri öwredipdim,
Indi seni ýollana gowy habary getirersiň.
22 Garyby pukara bolany üçin talama+,
Şäher derwezesinde ejize ganym bolma+.
23 Sebäbi olaryň dadyna Ýehowa ýetişer+,
Olary talanlaryň janyny alar.
24 Ganygyzma bilen ýoldaş bolma,
Gaharyny saklamaýan adam bilen tirkeşme.
25 Şonda onuň ýollaryny öwrenmersiň,
Janyňy tora salmarsyň+.
26 El gysyp girew goýýanlaryň,
Ýadyň karzyny öz boýnuna alýanlaryň arasynda bolma+.
27 Töläre puluň bolmasa,
Ýatan düşegiňi alyp giderler.
28 Ata-babalaryň mellekde bellän araçägini,
Gadymy araçäkleri üýtgetme+.
29 Işine ökde adamy gördüňmi?
Ol garamaýak adamlara däl-de,
Patyşalara hyzmat eder+.