Ýermeýa
45 Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň hökümdarlygynyň dördünji ýylynda+ Nuryýaryň ogly Baruk+ Ýermeýa pygamberiň aýdanlaryny kitaba ýazyp otyrka+, Ýermeýa şeýle diýdi:
2 «Baruk, Ysraýyl Hudaýy Ýehowa sen hakda şeýle diýýär: 3 „Sen: „Waý halyma, Ýehowa derdime dert goşdy! Ahy-naladan ýaňa tapdan düşdüm. Ýüregim rahatlyk tapanok“ diýýärsiň“.
4 Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Men tutuş ýurtda dikenimi ýykaryn, ekenimi köki bilen sograryn+. 5 Sen nebsiňe çapýarsyň, nebsiňe haý diý!*
Men ähli adamlaryň üstüne betbagtçylyk indererin+. Emma sen nirä gitseň-de, janyňy goraryn“+. Muny Ýehowa aýdýar».