Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/10 sah. 7—11
  • Ýehowa biziň bähbidimiz üçin syn edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa biziň bähbidimiz üçin syn edýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý bilen ýöräň
  • Barugyň hakyky Atasy
  • Ogly Atasynyň söýgüsini görkezýär
  • Gerekli wagtynda kömek
  • Gelejege umyt bilen serediň
  • Dünýäniň ahyry gelmänkä dogan-uýalar bilen dostlaşyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Ýaşlar, beýik Ýaradyjyňyzy ýatlaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • «Sen özüňe çendenaşa köp soramagyňy» bes et
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Ýehowanyň bizi söýýändigi nämeden görünýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/10 sah. 7—11

Ýehowa biziň bähbidimiz üçin syn edýär

«Ýehowanyň gözleri oňa ýürekden berlenleriň bähbidine güýjüni görkezmek üçin ýer ýüzüne ser salýar» (2 TAR. 16:9).

1. Ýehowa näme üçin bizi barlaýar?

ÝEHOWA — kämil Ata. Ol bizi şeýle gowy tanaýar welin, hatda «pikirlerimiziň ugruny» bilýär (1 Tar. 28:9). Emma ol ýalňyşymyzy tapmak üçin bizi barlamaýar (Zeb. 11:4; 130:3). Ýehowa söýýändigi üçin, biziň onuň bilen gatnaşygymyza zyýan ýetirýän we gelejekde ebedi ýaşaýşy almaga päsgel berýän zatlardan goramak isleýär (Zeb. 25:8—10, 12, 13).

2. Ýehowa kimleriň bähbidine güýjüni görkezýär?

2 Ýehowa gudraty güýçli we ähli zady görýän Hudaýdyr. Şonuň üçin wepaly gullukçylary ony çagyranda, ol kömek berip bilýär we synaglarda goldaýar. «Ýehowanyň gözleri oňa ýürekden berlenleriň bähbidine güýjüni görkezmek üçin ýer ýüzüne ser salýar» (2 Tar. 16:9). Üns beren bolsaňyz, bütin ýüregi bilen gulluk edýän akýürekli we hoşniýetli adamlaryň bähbidi üçin, Ýehowa güýjüni gaýgyrmaýar. Ýehowa ýalan sözleýän we ikiýüzli adamlar barada şeýle alada etmeýär (Ýeş. 7:1, 20, 21, 25; Sül. tym. 1:23—33).

Hudaý bilen ýöräň

3, 4. «Hudaý bilen ýöremek» nämäni aňladýar we muňa düşünmäge Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysallar kömek edýär?

3 Ägirt uly Älem-jahanyň Ýaradyjysy adamlara, göçme manyda, onuň bilen ýöremäge ýol berýär. Muňa köp adamlara düşünmek kyn. Hawa, Ýehowa bizden hut şuny hem isleýär. Gadymy döwürde ýaşan Ýenoh «Hudaý bilen ýöredi» (Bar. 5:24; 6:9, TD). Musa-da «Görünmezi gören» ýaly berk durdy (Ýew. 11:27). Gökdäki Atasy bilen kiçigöwünli ýörän Dawut patyşa şeýle diýdi: «Onuň (Ýehowanyň) sagymdalygy üçin gymyldamaryn» (Zeb. 16:8).

4 Elbetde, biz göni manyda, Ýehowanyň elinden tutup ýörmeýäris, ýöne göçme manyda, onuň bilen ýöräp bileris. Nädip? Mezmurçy Asaf şeýle diýdi: «Mydam Seniň bilendirin, Sen meniň sag elimden tutansyň. Sen öwüdiň bilen maňa ýol görkezersiň» (Zeb. 73:23, 24). Biz, esasanam, Mukaddes Ýazgylar we «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly berilýän Ýehowanyň maslahatyna dogry eýerenimzde, Onuň bilen ýöreýäris (Mat. 24:45; 2 Tim. 3:16).

5. Ýehowa söýgüden doly ata hökmünde wepaly gullukçylaryna nädip syn edýär we biz oňa nähili garamaly?

5 Ýehowa onuň bilen ýöreýänleri gymmat saýýandygy üçin, olaryň aladasyny edip, gorap, öwredip we söýgüden doly ata hökmünde syn edýär. Hudaý şeýle diýýär: «Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin; gözüm sende bolar» (Zeb. 32:8). Özüňize şeýle soraglar beriň: «Men Ýehowanyň elinden tutup, ýöreýärinmi duýýarynmy, ýagny onuň paýhasyna gulak asýarynmy we mähirli nazarynyň mendedigini unutmaýarynmy? Ýehowanyň meniň ýanymdadygyma düşünmeklik pikirime, sözlerime we hereketime täsir edýärmi? Men ýalňyşanymda bolsa, Ýehowany sowuk-sala we gazaply däl-de, toba edene ýene-de Onuň gujagynda bolmaga kömek etmäge taýyn, mähriban hem rehimdar Ata hökmünde göz öňüne getirýärinmi? (Zeb. 51:17).

6. Ýehowanyň ata-enelerden nähili artykmaçlygy bar?

6 Käte Ýehowa biz entek dogry ýoldan çykmankak, kömek edip bilýär. Mysal üçin, ol biziň hileli ýüregimizde nädogry islegleriň döreýändigini görüp bilýär (Ýerem. 17:9). Şeýle ýagdaýlarda, Ol ata-enelerden has çalt hereket edýär, çünki onuň «gabaklary» ýüregimizdäki gizlin pikirleri barlap bilýär (Zeb. 11:4; 139:4; Ýerem. 17:10). Ýeremiýa pygamberiň kätibi we ýakyn dosty Barugyň durmuşynda bolan wakada Hudaýyň näme edendigine seredeliň.

Barugyň hakyky Atasy

7, 8. a) Baruk kimdi we onuň ýüreginde nähili nädogry islegler dörän bolmaly? b) Ýehowa nädip Baruga atalyk aladasyny görkezdi?

7 Baruk mürzedi. Ol Ýeremiýa bilen Ýehowanyň Ýahuda eden hökümlerini yglan etmek bilen, kyn ýumşy ýerine ýetirip, wepaly gulluk edýärdi. (Ýerem. 1:18, 19). Baruk tanymal maşgaladan bolan bolmaly. Bir sapar, ol özüne «beýik zady» gözläp başlaýar. Belki, onda şöhratparazlyk ýa-da baýamak höwesi dörändir. Nähili bolaýanda-da, Ýehowa Barukda howply pikiriň dörändigini görýär. Ol haýal etmän, Ýeremiýa pygamber arkaly Baruga şeýle diýýär: «Sen: «Waý günüme, çünki Ýehowa meniň derdime dert goşdy! Men dem alşymdan ýadadym we janyma rahatlyk tapmaýaryn» diýýärsiň». Soňra Hudaý: «Sen özüňe beýik zady gözleýärsiň, gözleme» diýdi (Ýerem. 45:1—5).

8 Ol Baruga berk duýduryş beren bolsa-da, Ýehowa oňa gaharlanman, hakyky ata hökmünde garady. Hudaý Barukda betnebis höwesiň dörändigini görse-de, onuň ýüregi erbet we mekir däldigini bilýärdi. Şeýle-de Ýehowa Iýerusalimiň we Ýahudanyň ahyrky günlerde ýaşaýandygyny bilýärdi hem-de Barugyň bu kyn günlerde yza çekilmegini islemeýärdi. Şol sebäpli Hudaý gullukçysynyň zatlara pähimli garamagy üçin: «Ähli jana bela indirerin» diýip ýatladýar we ol paýhasly bolsa, diri galdyrjakdygyny aýdýar (Ýerem. 45:5). Başgaça aýdanyňda, Hudaý şeýle diýýär: «Seresap bol, Baruk. Günäli Ýahuda bilen Iýerusalime tizden näme boljagyny unutma. Wepaly bol-da, ýaşa! Men seni goraryn». Ýehowanyň sözleri Baruga täsir eden bolmaly, sebäbi ol pikirini üýtgedýär we on ýedi ýyl geçensoň, Iýerusalim weýran edilende, ol diri galýar.

9. Siz abzasdaky soragalara nähili jogap berersiňiz?

9 Barugyň durmuşynda bolan waka barada oýlanyp, şu soraglaryň we aýatlaryň üstünde pikirleniň: Hudaýyň özüni Baruk bilen alyp barşyndan gullukçylaryna Ýehowanyň nähili garaýandygy barada nämäni bildik? (Ýewreýler 12:9-y okaň). Biz soňky kyn günlerde ýaşaýanlar, Hudaýyň Baruga beren maslahatyndan we maslahata gulak asyşyndan näme öwrenip bileris (Luka 21:34—36-njy aýatlary okaň). Mesihi ýaşulular Ýeremiýanyň göreldesine eýerip, Ýehowanyň gullukçylarynyň aladasyny edýändigini nädip görkezip bilerler? (Galatýalylar 6:1-i okaň).

Ogly Atasynyň söýgüsini görkezýär

10. Imanlylar ýygnagynyň Başy bolan Isa Mesihe borjuny ýerine ýetirmäge näme kömek edýär?

10 Gadymy döwürlerde Ýehowa halkyna bolan söýgüsini pygamberler hem wepaly gullukçylary arkaly görkezdi. Şu günler bolsa ol söýgüsini, ilki bilen, imanlylar ýygnagynyň Başy bolan Isa Mesih arkaly görkezýär (Efes. 1:22, 23). Ylham kitabynda Isa guzy hökmünde suratlandyrylýar. Bu «Guzynyň ýedi şahy hem ýedi gözi bar. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr» (Ylh. 5:6). Isa Hudaýyň mukaddes ruhundan dolup, örän düşgürdir. Ol ýüregi görýär we onuň ünsünden hiç zat sypmaýar.

11. Isa Mesihiň nähili ähmiýeti bar we onuň bize bolan garaýşyndan Atasynyň bize bolan garýşy nädip görünýär?

11 Isa-da Ýehowa ýaly gökden garawul kimin syn etmeýär. Ol bizi mähirli nazary bilen barlaýar. Isanyň titullarynyň biri «ebedi Ata». Bu titul bize Isanyň imanlylara ebedi ýaşaýyş bermekde nähili ähmiýetiniň bardygyny ýatladýar (Iş. 9:6). Galyberse-de, imanlylar ýygnagynyň başy bolan Isa Mesih ruhy taýdan ýetişen mesihçiler, aýratynam, ýaşulular arkaly mesihçilere teselli we nesihat berýär (1 Sel. 5:14; 2 Tim. 4:1, 2).

12. a) Kiçi Aziýa ýazylan ýedi hatdan Isa barada nämäni bilýäris? b) Ýaşulular Hudaýyň sürüsine Isanyň garaýşyny nädip görkezýärler?

12 Kiçi Aziýadaky ýaşululara ýazylan ýedi hatdan, Isanyň süri bilen ýürekden gyzyklanýandygy görünýär (Ylh. 2:1—3:22). Hatlardan görnüşi ýaly, Isa her bir ýygnakda bolýan zatlardan habarly we şägirtleriniň bähbidi barada aladalanýar. Biziň günlerimiz barada hem şeýle diýse bolar, çünki köp alada edilýär. Sebäbi Ylhamdaky görnüş «Rebbiň gününde» ýerine ýetýär (Ylh. 1:10)a. Isanyň söýgüsi, köplenç ýygnakda ruhy çopan hökmünde hyzmat edýän ýaşulular arkaly görünýär. Ol «adamlar görnüşinde sylaglar» arkaly ruhlandyrýar, teselli we maslahat berýär (Efes. 4:8, TD; Res. iş. 20:28; Işaýa 32:1, 2-nji aýatlary okaň)b. Sen Isanyň şolar arkaly edýän tagallasyny görýärmiň?

Gerekli wagtynda kömek

13—15. Hudaý biziň dogalarymyza nädip jogap berip biler? Mysal getiriň.

13 Siziň bilen şeýle bolupdymy, siz gyzgyn doga edip, kömek soraýarsyňyz we ruhy taýdan ýetişen mesihçiniň idäp, ruhlandyrmagy esasynda jogap alýarsyňyz (Ýakup 5:14—16). Belki-de, siz ýygnak duşuşygynda okalan doklad ýa-da edebiýat arkaly kömek alansyňyz. Ýehowa köplenç, şeýdip, dogalarymyza jogap berýär. Meselem, bir sapar, doklad bilen çykyş eden ýaşulynyň ýanyna, birnäçe hepde mundan öň, adalatsyzlyga duçar bolan uýa barýar. Uýa ýaşula aladasyny aýtmagyň deregine, Mukaddes Ýazgylara esaslanan doklady üçiin minnetdarlyk bildirýär. Ondaky pikirler uýanyň durmuşyna degişlidi, bu oňa teselli berýär. Uýa şol ýygnaga baranyna örän begendi!

14 Tussag edilen üç adamyň doga arkaly alan kömegine seredeliň. Olar türmedekä, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilip, suwda çokundyrylmadyk wagyzçy boldular. Bir waka sebäpli türmedäki ähli tussaglar käbir ýeňilliklerden mahrum edildi. Şol sebäpli tussaglar ertesi ertirlik naharyndan soň, gaplaryny yzyna bermän gozgalaň turuzmak kararyna geldiler. Üç sany suwda çokundyrylmadyk wagyzçy kyn ýagdaýa düşdi. Eger olar gozgalaňa goşulsalar, Ýehowanyň Rimliler 13:1-de beren tabşyrygyny bozardylar. Eger-de gozgalaňa goşulmasalar, tussaglar olardan ar alardy.

15 Suwda çokundyrylmadyk wagyzçylar biri-biri bilen gepleşip bilmeýärdi, ýöne olar paýhasly bolmak barada doga etdiler. Ertesi irden olaryň üçüsiniň hem ertirlik naharyny almazlyk barada bir karara gelendigi aýan boldy. Soňra garawullar gaplary almaga gelenlerinde, olaryň üçüsinde-de gaýtaryp berere zat ýokdy. «Dogalary Eşidýäniň» olary taşlamandygyna begendiler! (Zeb. 65:2).

Gelejege umyt bilen serediň

16. Wagyz işi Ýehowanyň pesgöwünli adamlar hakynda alada edýändigine nädip güwä geçýär?

16 Bütindünýä wagyz işi Ýehowanyň ähli ýerde ýaşaýan akýürekli adamlar barada alada edýändigini subut edýär (Bar. 18:25). Ýehowa köplenç hoş habar wagyz edilmedik ýerde ýaşaýan pesgöwünli adamlara gullukçylaryny ýollamak üçin, perişdelerini ulanýar (Ylh. 14:6, 7). Meselem, I asyrda Hudaý perişdesi arkaly hoş habarçy Filipusa hebeşistanly weziri tapyp, Mukaddes Ýazgylary düşündirmegi tabşyrdy. Netijede, näme boldy? Ol adam hoş habary kabul edip, Isa Mesihiň suwda çokundyrylan şägirdi boldy (Ýahýa 10:14; Res. iş. 8:26—39)c.

17. Biz näme üçin gelejek barada çendenaşa alada etmeli däl?

17 Zalym dünýäniň soňy ýetip gelýär we pygamberlik edilen «burgular» dowam edýär (Mat. 24:8). Meselem, azyk önümlerine hyrydarlaryň köpelmegi, howanyň üýtgemegi we ykdysady durnuksyzlyk sebäpli azyk önümleriniň nyrhy has-da galýar. Iş tapmak kynlaşýar, şeýle ýagdaýlar sebäpli, işiňi ýitirmezlik üçin köpräk işlemeli diýen pikire gelinmegi mümkin. Durmuş nähili bolaýanda-da, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup, «gözüni sag» saklaýanlaryň ählisine bu barada çendenaşa alada etmegiň geregi ýok. Olar Ýehowanyň söýýändigini we aladasyny etjekdigini bilýärler (Mat. 6:22—34). B. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edilmeziniň öň ýanynda, Ýehowanyň Ýeremiýany nädip gorandygyna seredeliň.

18. Iýerusalim gabalanda, Ýehowa Ýeremiýany söýýändigini nädip subut etdi?

18 Babyllylar Iýerusalimi gabaýar. Gabawyň soňky günlerinde, Ýeremiýa garawullaryň howlusynda saklanýar. Ol iýmiti nireden alarka? Ol azat bolan bolsa, iýmit tapyp bilerdi, emma ol ýanyndaky adamlara garaşlydy, olaryň köpüsi bolsa ony ýigrenýärdi. Ýeremiýa adamlara däl-de, onuň aladasyny etmäge wada beren Hudaýa bil baglaýardy. Ýehowa wadasynda tapyldymy? Elbetde, tapyldy! Ýehowa «şäherde ähli çörek gutarýança... bir çörek» Ýeremiýa her gün berler ýaly aladasyny etdi (Ýerem. 37:21). Şol wagtlar ähli adamlar açlykdan, keselçilikden ejir çekip ölenlerinde, Ýeremiýa, Baruk, Ýebed-melek we başgalar diri galdy (Ýerem. 38:2; 39:15—18).

19. Gelejegiň nähili boljagyna garamazdan, biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

19 Hawa, «Rebbiň gözleri dogrulara tarap, gulagy olaryň ýalbaryşlaryna gerlendir» (1 Pet. 3:12). Göklerdäki Atamyzyň şeýle ünslüdigine begenýärsiňizmi? Hudaýyň gözleri siziň bähbidiňiz üçin syn edýändigini bilip, özüňizi howpsuz duýýarsyňyzmy? Onda gelejegiň nähili boljagyna garamazdan, Hudaý bilen ýöremegi berk ýüregiňize düwüň. Biz Ýehowanyň ähli wepaly gullukçylaryna hemişe atalyk gözi bilen, ünsli garaýandygyna ynanyp bileris (Zeb. 32:8; Işaýa 41:13-i okaň)d.

a Hatlar, ilki bilen, mesh edilen mesihçilere ýazylan bolsa-da, ondaky maslahatlar Hudaýyň ähli gullukçylaryna degişli.

b Işaýa 32:1. «Patyşa dogrulyk üçin patyşalyk eder, hanlar adalatlylyk üçin höküm sürer. 2 Olaryň her biri ýelden gorag kimin, çabgadan pena kimin, suwsuz ýerde akar sil kimin we gury ýerde beýik gaýa kimin kölege bolar.

c Hudaýyň görkezme berýändigi hakynda ýene-de bir mysal Resullaryň işleri 16:6—10-njy aýatlarda ýazylan. Ol ýerde Pawlus bilen onuň ýoldaşlaryna Aziýa we Bitiniýa gitmezligi «Mukaddes Ruh tarapyndan bökdelendigi» barada okaýarys. Oňa derek, olara Makedoniýa gitmek tabşyryldy, ol ýerde ýumşak adamlaryň köpüsi hoş habara seslendiler.

d Işaýa 41:13. Çünki men, Hudaýyň Ýehowa, seniň sag eliňden tutup, şeýle diýýärin: «Gorkma, men saňa kömek ederin».

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Biz «Hudaý bilen ýöreýändigimizi» nädip görkezip bileris?

• Ýehowa Baruga bolan söýgüsini nädip görkezdi?

• Imanlylar ýygnagynyň Başy bolan Isa Mesih Atasynyň häsiýetlerini nädip görkezýär?

• Biz şu kyn günlerde Hudaýa bil baglaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş