Ikinji Taryh
15 Odetiň ogly Azarýanyň üstüne Hudaýyň ruhy indi. 2 Ol Asanyň öňünden çykyp: «Asa patyşa! Ýahuda we benýamin halky, diňläň! Ýehowa wepaly bolsaňyz, ol sizi goldar+. Hudaýy agtarsaňyz, hökman taparsyňyz*+. Ýöne Hudaýdan ýüz öwürseňiz, ol hem sizden ýüz öwrer+. 3 Ysraýyllar ençeme ýyllap hak Hudaýa gulluk etmediler, ruhanylardan kanuny öwrenip, berjaý etmediler+. 4 Kyn güne düşenlerinde welin, Ysraýyl Hudaýy Ýehowany agtaryp, kömek soradylar. Hudaý hem olaryň dadyna ýetişdi*+. 5 Şol wagtlar hiç kim arkaýyn gezip bilmeýärdi, sebäbi halk agzalady. 6 Millet millete, şäher şähere garşy çykýardy, Hudaý olaryň başyndan her dürli betbagtçylyk inderip, howsala salýardy+. 7 Emma siz dogumly boluň, ruhdan düşmäň+, eden işleriňiz sylaglanar» diýdi.
8 Asa Azarýanyň sözlerini we Odetiň pygamberligini eşidip, has-da dogumlandy. Ol Ýahuda we Benýamin topragyndan, Efraýym daglaryndan basyp alan şäherlerindäki nejis butlary ýok etdi+. Ýehowanyň minarasynyň öňünde duran Ýehowanyň gurbanlyk ojagyny*+ täzeden gurdy. 9 Asa ähli ýahudalary, benýaminleri we olaryň arasynda ýaşaýan efraýymlary, manaşalary, şimgonlary ýygnady+. Ýehowa Hudaýyň Asany goldaýandygyny görüp, Ysraýylyň şol taýpalaryndan birgiden adam Asanyň tarapyna geçipdi. 10 Olar Asanyň hökümdarlygynyň 15-nji ýylynyň üçünji aýynda Iýerusalime ýygnandylar. 11 Şol gün olar oljalaryndan 700 öküzi we 7 000 goýny Ýehowa gurbanlyk berdiler. 12 Ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa bütin ýüregi, bütin jany* bilen gulluk etmegi* söz berip, äht baglaşdylar+. 13 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa gulluk etmedik adamy, uly-kiçi, aýal-erkek diýmän, hökman öldürmelidi+. 14 Olar Ýehowa gulluk etjekdigine batly ses bilen ant içdiler, surnaý* çalyp, şatlykdan ýaňa gygyryşdylar. 15 Şeýlelikde, tutuş Ýahuda halky ýürekden ant içip, şatlandy. Olar Hudaýy yhlas bilen agtardylar, Hudaý hem olaryň dadyna ýetişdi*+. Ýehowa olary daş-töwerekdäki duşmanlardan gorady*+.
16 Asa patyşa hatda mamasy Magagy+ hem şa aýalyň wezipesinden aýyrdy, sebäbi ol ýigrenji but ýasap, keramatly pürse* sežde edýärdi+. Asa mamasynyň ýasan ýigrenji butuny çapyp, kül-owram etdi-de, Kidron jülgesinde ýakdy+. 17 Emma Ysraýyldaky+ seždegähler* ýok edilmändi+. Asa bolsa bütin ömrüne Hudaýa ýürekden gulluk etdi+. 18 Ol özüniň-de, kakasynyň-da Hudaýa bagyş eden* altyn-kümüşlerini we gap-gaçlaryny hak Hudaýyň öýüne getirdi+. 19 Asanyň hökümdarlygynyň 35-nji ýylyna çenli ýurtda uruş bolmady+.