Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/8 sah. 8—10
  • «Eden işleriňiz üçin sylaglanarsyňyz»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Eden işleriňiz üçin sylaglanarsyňyz»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ASANYŇ EDEN IŞLERI
  • SÖWEŞ MEÝDANYNDA
  • RUHLANDYRYJY SÖZLER WE DUÝDURYŞ
  • «AKYLSYZLYK ETDIŇ»
  • Parahatlyk döwründen paýhasly peýdalanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk et!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Ýehowa bize nädip ýakynlaşýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Asa ýaly arassa seždäni yhlasly goraň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/8 sah. 8—10

«Eden işleriňiz üçin sylaglanarsyňyz»

GOŞUNBAŞY Asa patyşa Ýahudanyň daglyk ýerinden kenar ýakasyndaky jülgä howlugyp aşak düşdi. Asa jülgäniň uzap gidýän ýerinde durup, demini dürsedi. Aşakda duşmanlaryň ägirt uly düşelgesi görünýärdi! Hebeşlileriň goşunynyň sany bir milliondy, Asanyňky bolsa 580 müňe golaýdy.

Asa uruş howpy abananda, ilki bilen näme ederkä? Ol serkerdelerine buýruk berermi? Goşunyny ruhlandyrarmy? Maşgalasyna hat ýazarmy? Ýok, şeýle kyn ýagdaýda Asa Hudaýa doga edýär.

Asanyň dogasyna we düşen ýagdaýyna seretmezden öň, Asanyň nähili adam bolandygyny bileliň. Ol näme üçin Ýehowa doga etdi? Asa Hudaýyň kömegine bil baglap bilermidi? Asa bilen bolan waka Ýehowanyň gullukçylarynyň edýän işlerini ýalkaýandygyny görkezýärmi?

ASANYŇ EDEN IŞLERI

Ysraýyl iki patyşalyga bölünip, 20 ýyl geçensoň, Ýahudada ýalan taňrylara sežde edilip başlandy. B. e. öň 977-nji ýylda Asa tagta çykanda, hatda patyşanyň kazylary hem kenganlylaryň hasyl taňrylaryna sežde edýärdi. Emma Mukaddes Ýazgylaryň Taryhlar kitabynda Asa patyşalyk eden döwründe ol «Hudaýyň öňünde gowy we dogry zatlary etdi diýilýär. Asa «ýat ýerli gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlady, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny ýykdy» (2 Tar. 14:2, 3)a. Şeýle-de Asa diniň adyndan tebigy däl jynsy gatnaşyk edýän, ýagny «ybadathanada jelepçilik edýän erkek adamlary» Ýahudadan kowdy. Asa diňe şeýle hapa zatlardan arassalanmak bilen çäklenmän, eýsem, adamlara hem «ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowany gözlemegi hem-de kanuny we tabşyryklary berjaý etmegi» buýurdy (1 Pat. 15:12, 13; 2 Tar. 14:4).

Ýehowa Asanyň hakyky seždä bolan yhlasy ýarady, şonuň üçin oňa ençeme ýyl parahatlyk berip sylaglady. Patyşa şeýle diýdi: «Biz Ýehowa Hudaýymyzy agtardyk. Ony gözländigimiz üçin, ol ähli tarapdan dynçlyk berdi». Halk bu mümkinçilikden peýdalanyp, Ýahuda patyşalygynda şäherler gurup başlady. Mukaddes Ýazgylarda: «Olar gurup başladylar we işi şowly boldy» diýilýär (2 Tar. 14:1, 6, 7).

SÖWEŞ MEÝDANYNDA

Biz Asanyň eden işlerine seredip, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, onuň örän uly ynsan goşunyna garşy duranda, doga edendigine geň galmaýarys. Asa iman bilen eden işlerini Hudaýyň sylaglaýandygyny bilýärdi. Patyşa Ýehowadan kömek sorap, goramagyny diledi. Ol Hudaýa we onuň kömegine bil baglasa, duşmany güýçli we örän köp bolsa-da, hiç zat edip bilmejegini bilýärdi. Bu söweş Ýehowanyň ady bilen bagly bolany üçin, Asa Hudaýyň adynyň hatyrasyna ýalbardy. Patyşa şeýle doga etdi: «Ýehowa Hudaýymyz bize kömek et, biz saňa bil baglaýarys we seniň adyň bilen bu uly märekä garşy çykdyk. Ýehowa, sen biziň Taňrymyz. Ölýän adamlara üstün çykmaga ýol berme» (2 Tar. 14:11). Başgaça aýdanyňda, ol hebeşliler Ýehowa seniň üstüňe hüjüm etdi. Ejiz adamlara seniň adyňy göterýänleri ýeňip, adyňy masgaralamaga ýol berme diýdi. Şol sebäpli «Ýehowa hebeşlileri Asanyň hem-de Ýahudanyň öňünde heläk etdi we hebeşliler gaçdy» (2 Tar. 14:12).

Şu günler Ýehowanyň halky köp garşylyklara duş gelýär. Biz olar bilen göni manyda däl-de, göçme manyda ýaragly söweşýäris. Emma biz Ýehowanyň ady bilen ruhy taýdan söweşýän ähli wepaly adamlary ýeňiş bilen sylaglajakdygyna ynanýarys. Biz giňden ýaýran ahlaksyzlyga, öz kemçiliklerimize garşy göreşip, maşgalamyzy erbet täsirden gorap söweşýäris. Biz nähili kynçylyklara duş gelsek-de, Asanyň dogasyndan ruhlanyp bileris. Oňa ýeňşi Ýehowa beripdi. Bu Hudaýa bil baglaýan ähli adamlaryň ýeňiş gazanyp bilýändigini görkezýär. Hiç bir ynsan güýji Ýehowanyň güýjüne garşy durup bilmez.

RUHLANDYRYJY SÖZLER WE DUÝDURYŞ

Asa söweşden gelensoň, Azariýa bilen duşuşdy. Bu pygamber ony ruhlandyrdy we duýduruş berdi. Ol: «Eý Asa, Ýahuda we Benýamin taýpalary, maňa gulak asyň! Siz Ýehowa bilen bolsaňyz, ol hem siziň bilen bolar. Eger ony gözleseňiz, ol özüni tapdyrar. Emma ony terk etseňiz, ol hem sizi terk eder... Mert boluň we eliňiz sowaşmasyn, çünki eden işleriňiz üçin sylaglanarsyňyz» (2 Tar. 15:1, 2, 7).

Bu sözler biziň imanymyzy berkidýär. Şeýle-de Ýehowa hemişe wepaly gulluk etsek, onuň biziň bilen boljakdygyny aňladýar. Biz ondan kömek sorap ýalbarsak, jogap berjekdigine ynanyp bileris. Azariýa «mert boluň» diýdi. Köplenç dogry iş etmek üçin örän mert bolmaly, ýöne Ýehowanyň kömegi bilen muny başararys.

Asa patyşa enesi Maaha «ýigrenji aşera butyny» ýasany üçin, ony «melike» adyndan mahrum edip, onuň butyny ýakdy (1 Pat. 15:13). Asa dogumly we mertlik bilen hereket edeni üçin ak pata aldy. Biz hem dogan-garyndaşlarymyz Hudaýa wepaly bolsa-da, bolmasa-da, Ýehowanyň tarapany berk tutmaly we dogry kadalaryny berjaý etmeli. Şonda Ýehowa wepalylygymyz üçin sylaglar.

Hudaýdan dänen demirgazyk patyşalygyndaky köp ysraýyllylar Ýehowanyň Asa bilen biledigini görüp, Ýahuda göçdüler. Bu Asanyň alan sylaglarynyň biridi. Ysraýyllylar Ýehowanyň gullukçylarynyň arasynda ýaşamak üçin öýlerini taşlap, arassa seždäni gymmat saýýandygyny görkezdiler. Asa we ähli ýehudylar «bütin ýüregi we jany bilen Ýehowany gözlemek üçin äht baglaşdy». Netijede näme boldy? Hudaý «olara özüni tapdyrdy we Ýehowa olara ähli tarapdan parahatlyk berdi» (2 Tar. 15:9—15). Dogrulygy söýýän adamlar Ýehowanyň arassa seždesini kabul edende, biz örän begenýäris!

Şeýle-de Azariýa pygamber duýduryş hem beripdi. Ol: «Ýehowany terk etseňiz, ol hem sizi terk eder» diýdi. Geliň, hiç haçan şeýle betbagtçylyga uçramalyň! (2 Pet. 2:20—22). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň Asa näme üçin şeýle duýduryş berendigi aýdylmaýar, emma ol ony äsgermezlik etdi.

«AKYLSYZLYK ETDIŇ»

Asa patyşa 36 ýyl höküm sürende, Ysraýylyň patyşasy Baaşa Ýehuda garşy çykdy. Baaşa adamlary Asa we arassa seždä wepaly bolmaz ýaly, Iýerusalimiň demirgazygyndan 8 km aralykda ýerleşýän Ramanyň araçägini berkidip başlady. Asa hebeşlilere garşy söweşende, öňküsi ýaly Hudaýyň kömegine bil baglaman, adamyň kömegine bil baglady. Asa Siriýa patyşasyna sowgat iberip, Ysraýylyň demirgazyk patyşalygyna hüjüm etmegi haýyş etdi. Siriýa Ysraýyla hüjüm edende, Baaşa Ramadan çekildi (2 Tar. 16:1—5).

Asanyň eden işi Ýehowa ýaramady şonuň üçin muny aýdar ýaly ýanyna Hanani pygamberi iberdi. Asa hebeşlilere Hudaýyň nähili garaýandygyny bilip, «bütin ýüregi bilen Ýehowa bil baglaýanlaryň bähbidi üçin güýjüni görkezer ýaly, Ýehowanyň bütin ýer ýüzüne ser salýandygyny» bilýärdi. Belki, Asa erbet maslahat berendirler ýa-da Baaşanyň we goşunynyň uly howp salýandygyna çynlakaý garaman, öz güýjüne bil baglan bolmaly. Nähili bolaýanda-da, ol ynsan gözi bilen garap, Ýehowa bil baglamady. Hanani pygamber: «bu sapar sen akylsyzlyk etdiň, indi saňa garşy söweşerler» diýdi (2 Tar. 16:7—9).

Asa Hanani pygambere gahary gelip, ony türmä basdy (2 Tar. 16:10). Asa şeýle pikir eden bolmaly: «Men Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk edip, şeýle ýazgarylmaga mynasypmy?» Şondan soň ol aklyna aýlandymyka? Mukaddes Ýazgylarda bu barada aýdylmaýar.

Asa patyşalyk eden döwrüniň 36-njy ýylynda aýagy agyryp, erbet keselledi. Mukaddes Ýazgylarda: «Hatda kesellände-de, ol kömegi Ýehowadan däl-de, lukmanlardan gözledi» diýilýär. Şol wagt Asa Hudaý bilen gatnaşygyna hem biperwaý garady. Iň soňy ol şeýle ýagdaýda we garaýyşda hökümdarlyk edýän döwrüniň 41-nji ýylynda aradan çykdy (2 Tar. 16:12—14).

Muňa garamazdan, Asanyň eden ýalňyşlygyndan, gowy häsiýetleri we arassa sežde üçin eden yhlasly işleri köp bolan bolmaly. Sebäbi ol Ýehowa gulluk etmegini goýmady (1 Pat. 15:14). Biz mundan näme öwrenip bileris? Ýehowanyň öň bize nähili kömek edendigi hakynda oýlanyp, muny ýadymyzdan çykarmasak, täze synaglara duşanda, Ýehowadan kömek sorarys. Biz ençeme ýyl Hudaýa wepaly gulluk edenimiz üçin, Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahat gerek däl diýip pikir etmeli däl. Eden işlerimize garamazdan, ýalňyşlyk etsek, Ýehowa bizi düzeder. Biz maslahaty pesgöwünlik bilen kabul etsek, peýdaly bolar. Esasanam, biz gökdäki Atamyz bilen bolsak, ol hem biziň bilen bolar. Ýehowa bütin ýer ýüzündäki wepaly adamlara ser salýandyr. Ol gullukçylaryna güýç berip sylaglaýar. Ýehowa Asa güýç berişi ýaly, bize-de berýär.

[Çykgyt]

a «Aşera butlary» jynsy organlary we göwüsleri görkezilen aýaly aňladýardy, «dikme daşlary» bolsa erkek adamyň jynsy organyny aňladýardy.

[9-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

Ýehowa ruhy taýdan söweşýän wepaly gullukçylaryny sylaglaýar

[10-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

Ýehowanyň öňünde dogry iş etmek üçin mert bolmaly

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş