Gezişiňiz Patyşalygyň raýatlaryna mynasyp bolsun!
«Gezişiňiz... Hoş Habara mynasyp bolsun» (FLP. 1:27).
1, 2. Näme üçin Pawlusyň beren maslahaty Filipidäki ýygnaklar üçin ähmiýetlidi?
PAWLUS resul Filipidäki ýygnaga: «Gezişiňiz... Hoş Habara mynasyp bolsun» diýip maslahat berdi (Filipililer 1:27-ni okaň). «Gezişiňiz» diýen grek sözi «raýatlar hökmünde gezmegi» hem aňladýar. Bu söz, aýratyn-da, Filipidäki ýygnaga degişlidi. Näme üçin? Sebäbi Filipi şäheriniň ýaşaýjylaryna Rim raýatlary bolmaga mümkinçilik berlipdi. Filipiniň ýaşaýjylary we Rim imperiýasynyň ähli raýatlary öz hukugyna hem-de Rim kanunynyň goragy astynda ýaşaýandygyna buýsanýardylar.
2 Filipidäki ýygnagyň agzalarynda buýsanmaga has uly sebäp bardy. Pawlus olara mesh edilen mesihçiler hökmünde raýatlygynyň «Göklerdedigini» ýatlatdy (Flp. 3:20). Hawa, olar diňe bir adam tarapyndan döredilen imperiýanyň däl-de, eýsem, Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlarydy. Şol sebäpli olar deňi-taýy bolmadyk goragy we bereketi alyp bilýärdiler (Efes. 2:19—22).
3. a) Kimde Patyşalygyň raýaty bolmaga mümkinçilik bar? b) Bu makalada nämä serederis?
3 Pawlus resulyň «raýatlar hökmünde geziň» diýen maslahaty, esasan-da, Mesih bilen gökde höküm sürjek mesihçilere degişli (Flp. 3:20). Emma ol Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzündäki raýatlaryna-da degişli bolup biler. Näme üçin? Sebäbi özüni Hudaýa bagyş eden mesihçileriň ählisi Ýehowa Patyşa gulluk edýärler we Onuň kadalary boýunça ýaşaýarlar (Efes. 4:4—6). Adamlar ösen ýurduň raýaty bolmaga jan edýärler. Onda biz Patyşalygyň raýaty bolmaga mümkinçiligimizi has-da gymmat saýmaly dälmi näme?! Bu berlen hormata çuňňur minnetdarlyk bildirmek üçin, geliň, ynsan hökümetleriniň raýatlary bilen Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlarynyň arasyndaky käbir meňzeşlige seredeliň. Soňra Patyşalygyň raýaty bolmak hormatyny ýitirmezlik üçin näme etmelidigi barada üç zady ara alyp maslahatlaşarys.
RAÝATLARDAN EDILÝÄN TALAPLAR
4. Arassa dil näme we biz onda nädip «geplemeli»?
4 Dil öwrenmek. Käbir ynsan hökümetleri öz raýatlaryndan ýerli dilde geplemegi talap edýärler. Hatda adamlar raýatlygy alandan soň hem, dili has gowy öwrenmek üçin ençeme ýyl jan etmeli bolýarlar. Olar diliň düzgünlerini çalt öwrenip bilseler-de, sözleri dogry aýtmak üçin köpräk wagt sarp etmeli bolýar. Şonuň ýaly-da, Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan «arassa dili» öwrenmeli (Sefanýa 3:9-y okaň)a. Arassa dil nämäni aňladýar? Bu ýerde Mukaddes Ýazgylarda hak Hudaý we Onuň niýetleri baradaky hakykat göz öňünde tutulýar. Eger biz Hudaýyň kanunlary we prinsipleri boýunça ýaşasak, arassa dilde «gepledigimiz» bolar. Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny çalt öwrenip, suwda çokundyrylmagy mümkin. Emma şondan soň hem, olar arassa dilde has gowy «geplemek» üçin jan etmeli. Nädip? Biziň her birimiz, mundan beýläk-de, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini bilip, olary durmuşda ulanmak üçin tagalla etmeli.
5. Biz näme üçin Ýehowanyň guramasynyň taryhyny bilmeli?
5 Taryhyny bilmek. Ynsan hökümetiniň raýaty bolmak isleýän adam şol ýurduň taryhyny öwrenmeli bolýar. Patyşalygyň raýaty bolmak isleýän adamlar-da, Hudaýyň Patyşalygy barada ähli zady gowy bilmeli. Geliň, gadymy Ysraýylda gulluk eden Korahyň ogullarynyň mysalyna seredeliň. Olar Iýerusalimi we Hudaýa sežde edilýän ýeri örän söýýärdiler; şäheriň taryhyny höwes bilen gürrüň berýärdiler. Olara şäheriň owadanlygy däl-de, şäheriň hem-de sežde edilýän ýeriň näme aňladýandygy wajypdy. Iýerusalim «uly Patyşanyň (Ýehowanyň) şäheri» bolup, ol arassa seždäniň merkezi hasaplanýardy. Ol ýerde Ýehowanyň kanunlary öwredilýärdi. Ýehowa Patyşa Iýerusalimiň ýaşaýjylaryna merhemetini bildirýärdi (Zebur 48:1, 2, 9, 12, 13-nji aýatlary okaň). Siz-de Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasynyň taryhyny höwes bilen öwrenip, ony gürrüň berýärmisiňiz? Hudaýyň guramasy we Ýehowanyň öz halkynyň aladasyny edýändigi barada köp bildigiňizçe, Hudaýyň Patyşalygy siziň üçin şonça-da hakyky Hökümet bolar. Şonda siziň Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmäge bolan islegiňiz has-da artar (Ýerem. 9:24; Luka 4:43).
6. Ýehowanyň bizden kanunlaryny we prinsiplerini bilmegimizi hem-de olara tabyn bolmagymyzy talap etmäge näme üçin haky bar?
6 Kanunlaryny öwrenmek. Ynsan hökümetleri öz raýatlaryndan ýurduň kanunlaryny öwrenip, olary berjaý etmegi talap edýärler. Ýehowa hem Patyşalygyň raýatlarynyň ählisinden kanunlaryny we prinsiplerini bilip, olara tabyn bolmaklaryny isleýär (Iş. 2:3; Ýahýa 15:10; 1 Ýahýa 5:3). Ynsan kanunlary köplenç ýalňyş we adalatsyz bolýar. Ýehowanyň kanunlary bolsa, «kämildir» (Zeb. 19:7). Biz Hudaýyň kanunlaryny we Onuň Sözüni her gün okaýarysmy? (Zeb. 1:1, 2). Ýehowanyň kanunlaryny bize derek hiç kim öwrenip bilmez, muny diňe özümiz etmeli.
PATYŞALYGYŇ RAÝATLARY HUDAÝYŇ KADALARYNY SÖÝÝÄRLER
7. Patyşalygyň raýatlary kimiň beýik kadalary boýunça ýaşaýarlar?
7 Eger biz Patyşalygyň raýatlygyny ýitirmek islemesek, onda Hudaýyň kadalaryny diňe bir öwrenmän, eýsem, olary söýmeli. Ynsan hökümetiniň raýatlarynyň köpüsi ýurduň kanuny we kadalary bilen ylalaşýandygyny aýdýarlar. Emma olary berjaý etmek kyn we amatsyz bolan ýagdaýynda ýa-da olary hiç kim görmese, kanuny bozýarlar. Şeýle adamlar köplenç «adama ýaranmak isleýärler» (Kol. 3:22). Patyşalygyň raýatlary beýik kadalar boýunça ýaşaýarlar. Adamlar bizi görmese-de, Hudaýyň kanunlaryna höwes bilen tabyn bolýarys. Näme üçin? Sebäbi biz Kanun çykaryjymyzy söýýäris (Iş. 33:22; Luka 10:27-ni okaň).
8, 9. Siz Hudaýyň kanunlaryny ýürekden söýýändigiňizi nädip barlap bilersiňiz?
8 Siz Hudaýyň kanunlaryny ýürekden söýýändigiňizi nädip barlap bilersiňiz? Aýdaly, saňa egin-eşik we daş keşp babatda maslahat berdiler. Şonda sen: «Bu meniň öz işim» diýersiňmi? Belki-de, Patyşalygyň raýaty bolmankaň, sen sölpi ýa-da göze ilginç geýnensiň. Hudaýa bolan söýgiň artdygyça, geýnişiň bilen Oňa hormat goýmalydygyna düşünensiň (1 Tim. 2:9, 10; 1 Pet. 3:3, 4). Indi sen salykatly geýinýärin öýdýänsiň. Ýöne ýaşuly seniň eşigiň zerarly birnäçe dogan-uýalaryň büdrändigini aýtsa näme edersiň? Sen özüňi aklap başlarmyň ýa-da gaharlanyp, kesirlik edermiň? Hudaýyň Patyşalygy öz raýatlaryndan Mesihiň göreldesine eýermegi talap edýär (1 Pet. 2:21). Isanyň göreldesi babatda Pawlus resul şeýle ýazdy: «Her kişi abatlyk üçin, ýagşylyk üçin goňşusynyň göwnünden turmalydyr» (Rim. 15:2, 3). Ruhy taýdan ösen mesihçi ýygnagyň parahatlygyny goramak üçin, başgalara eglişik edip, olaryň ynsabyna hormat goýýar (Rim. 14:19—21).
9 Geliň, şu iki wajyp meselä, ýagny jynsy gatnaşyga we nika bolan garaýşymyza seredeliň. Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary bolmadyk adamlar gomoseksuallygy goldaýarlar, pornografiýany adaty dynç alyş hasaplaýarlar, zyna we aýrylyşmagy her kimiň öz işi diýip pikir edýärler. Patyşalygyň raýatlary bolsa, şeýle köre-körlük garaýşy we diňe özüňi bilmekligi ýigrenýärler. Mesihçileriň köpüsi öň ahlaksyz ýaşasalar-da, indi olar nika we jynsy gatnaşyga Hudaýyň sowgady hökmünde garaýarlar. Olar Ýehowanyň beýik kadalaryny gymmat saýýarlar we ahlaksyz adamlaryň Patyşalygyň raýatlary bolmaga mynasyp görülmeýändigi bilen doly ylalaşýarlar (1 Kor. 6:9—11). Emma mesihçiler ýüregiň gaty mekirdigine düşünýärler (Ýerem. 17:9). Şol sebäpli olar beýik ahlak kadalar boýunça ýaşamaga kömek edýän maslahatlary minnetdarlyk bilen kabul edýärler.
DUÝDURYŞA MINNETDARLYK BILDIRÝÄN RAÝATLAR
10, 11. Hudaýyň Patyşalygy nähili duýduryşlary berýär we siz olara nähili garaýarsyňyz?
10 Ynsan hökümetleri raýatlarynyň aladasyny edýärler. Meselem, olar adamlara zyýanly iýmitdir däri-dermanlardan ägä bolmagy duýdurýarlar. Elbetde, iýmitiň we däri-dermanlaryň ählisi erbet bolmaýar. Ýöne olar zyýanly bolan ýagdaýynda, hökümet raýatlaryny goramak üçin öňünden duýduryş berýär. Eger hökümet şeýle etmese, ol geleňsizlikde günäkär bolardy. Hudaýyň Patyşalygy-da öz raýatlaryna abanýan ahlak we ruhy howp barada wagtynda duýduryş berýär. Meselem, Internet aragatnaşyk saklamakda we bilim hem göwün açma babatda peýdaly bolup biler. Hudaýyň guramasy hem Internetden peýdalanýar we ol arkaly örän köp işleri edýär. Emma ondaky sahypalaryň köpüsi ahlak we ruhy taýdan howpludyr. Internetiň pornografiýaly sahypalary Patyşalygyň raýatlarynyň ruhy saglygyna zyýan ýetirer. Sadyk hyzmatkär onlarça ýyldan bäri şeýle sahypalaryň howpludygyny duýduryp gelýär. Hawa, biz ruhy saglygymyz barada berilýän maslahatlara örän minnetdar!
11 Soňky ýyllarda gaty seresap ulanmaly ýene bir Internet sahypasy örän giňden ýaýraýar. Sosial ulgamy diýip atlandyrylan bu Internet sahypasy heläkçilige getirip biler. Ol adamlary ýaman ýaranlar bilen gatnaşmaga iterýär (1 Kor. 15:33). Şol sebäpli şeýle sahypalary paýhasly ulanmak barada Hudaýyň guramasynyň maslahat berýändigi geň galdyrmaýar. Siz sadyk hyzmatkäriň sosial ulgamlary ulanmak barada çap eden soňky edebiýatlarynyň ählisini okadyňyzmy? Olary okaman, şol sahypalara girmek akylsyzlyk bolar!b Bu güýçli dermany daşyndaky ýazgysyna üns bermän ulanan ýaly bolardy.
12. Duýduryşa gulak asmazlyk näme üçin akylsyzlyk bolýar?
12 Sadyk hyzmatkäriň berýän duýduryşyna gulak asmaýan adamlar hem özüne, hem-de ýakynlaryna zyýan ýetirýär. Käbir adamlar pornografiýany görmegi endik edindiler, käbiri bolsa, ahlaksyzlyk edip başladylar. Ýehowadan gizlin iş edip bilerin diýip pikir etmeklik, gör, nähili akylsyzlyk! (Sül. tym. 15:3; Ýewreýler 4:13-i okaň). Hudaý ýer ýüzündäki wekillerini şeýle adamlara kömek etmäge höweslendirýär (Gal. 6:1). Ynsan hökümeti şeýle işleri edýän raýatlaryndan ýüz öwürýär, emma Ýehowa diňe kadalaryny bozup, toba etmedik raýatlaryndan el çekýärc (1 Kor. 5:11—13). Muňa garamazdan, Ýehowa rehimdar Hudaý. Erbet işlerine toba edýän we durmuşyny özgerdýän adamlar Ýehowanyň razylygyny gazanyp, Onuň Patyşalygynyň raýatlary bolup galarlar (2 Kor. 2:5—8). Söýgüden doly Patyşamyza gulluk etmek uly hormat!
RAÝATLAR BILIMI GYMMAT SAÝÝARLAR
13. Patyşalygyň raýatlary bilimi wajyp saýýandygyny nädip görkezýärler?
13 Ynsan hökümetleriniň köpüsi raýatlarynyň sowatly bolmagy üçin jan edýärler. Munuň üçin olar mekdepler açýarlar we peýdaly hünärleri öwredýärler. Patyşalygyň raýatlary şeýle mekdepleriň gadyryny bilýärler. Olar okamagy, ýazmagy we özlerini maddy taýdan üpjün etmegi öwrenmek üçin tagalla edýärler. Emma olar Patyşalygyň raýatlaryna berilýän iň ýokary bilimi has-da gymmat saýýarlar. Ýehowa mesihçiler ýygnagy arkaly halkynyň sowatly bolmagyna kömek edýär. Ata-eneler çagalaryny okamaga höweslendirýär. Sadyk hyzmatkär her aýda Mukaddes Ýazgylara esaslanan «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryny çap edýär. Eger siz olardan her gün iki sahypa okasaňyz, Patyşalygyň berýän wajyp bilimini alarsyňyz.
14. a) Biz nähili bilim alýarys? b) Siz maşgala okuwy babatda berilýän haýsy maslahatlary ulanýarsyňyz?
14 Patyşalygyň raýatlary her hepde ýygnak duşuşyklarynda tälim alýarlar. Meselem, 60-dan gowrak ýyl bäri Teokratik gulluk mekdebi wagyzçylara Hudaýyň Sözüniň ökde mugallymy bolmaga kömek edýär. Siz bu Mekdebe ýazyldyňyzmy? Soňky ýyllarda sadyk hyzmatkär maşgala okuwyny her hepde geçirmegi maslahat berýär. Bu okuw maşgalanyň agzybir bolmagyna ýardam edýär. Siz edebiýatlarymyzda berilýän maslahatlary kabul edýärmisiňiz?d
15. Biz haýsy uly hormata eýe bolduk?
15 Ynsan hökümetleriniň käbir raýatlary syýasaty goldaýarlar, hatda öýme-öý aýlanyp, ony goldamaga başgalary-da çagyrýarlar. Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary bolsa, Patyşalygy has yhlasly goldamak üçin köçede we öýden-öýe wagyz edýärler. Geçen makalada aýdylyşy ýaly, Ýehowanyň Patyşalygyny yglan edýän «Garawul diňi» žurnaly häzir ýer ýüzünde has-da giňden ýaýrady. Biz Hudaýyň Patyşalygy barada adamlara gürrüň bermek bilen, iň uly hormatlaryň birine eýe bolduk. Siz wagyz işine yhlasly gatnaşýarmysyňyz? (Mat. 28:19, 20).
16. Siz Hudaýyň Patyşalygynyň mynasyp raýatlarydygyňyzy nädip subut edip bilersiňiz?
16 Tizden Hudaýyň Patyşalygy adamlaryň üstünden höküm sürjek ýeke-täk hökümet bolar. Ol diňe ruhy taýdan däl, eýsem, gündelik durmuşyň ähli taraplaryna-da gözegçilik eder. Şonda siz Hudaýyň Patyşalygynyň ýagşy raýaty bolarmysyňyz? Häzir muny subut etmegiň tüýs wagtydyr. Siz her gün gelýän kararlaryňyz we ähli edýän işleriňiz bilen Ýehowany şöhratlandyrsaňyz, Hudaýyň Patyşalygynyň mynasyp raýaty hökmünde gezýändigiňizi subut edersiňiz (1 Kor. 10:31).
a Sefanýa 3:9 Şol wagt ähli milletler Ýehowanyň adyny çagyryp, eginme-egin gulluk eder ýaly, men olara arassa dil bererin.
b 2011-nji ýylyň iýul (sah. 24—27), awgust (sah. 10—13) we 2012-nji ýylyň fewral aýynda çykan «Oýanyň!» (rusça, sah. 3—9) žurnalyna serediň.
c 2012-nji ýylyň 15-nji martynda çykan «Garawul diňine» serediň (sah. 30, 31).
d 2011-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykan «Garawul diňine» (rusça, sah. 6, 7) we ýanwar aýynda çykan «Hudaýa gullugymyza» (sah. 3—6) serediň.
[14-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Siz Internet babatda Mukaddes Ýazgylara esaslanan duýduryşlary kabul edýärmisiňiz?
[12-nji sahypadaky surat]
Siz hem Korahyň ogullary ýaly arassa seždäni we onuň taryhyny söýýärmisiňiz?
[15-nji sahypadaky surat]
Maşgala okuwy size we maşgala agzalaryňyza Patyşalygyň gowy raýatlary bolmaga kömek eder